The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze metjidiň açylmagy we ol ýerde Gahryman Arkadagymyzyň agzaçar sadakasyny bermegi täze taryhy döwrümizde halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklaryna belent sarpa goýmak, ruhy-ahlak ýörelgelerini hem-de däplerini baýlaşdyrmak ugrundaky tagallalaryň rowaçlanýandygyny alamatlandyrdy. Mukaddes Oraza aýynyň nurana günlerindäki bu waka Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin-medeni çärelere baý öwüşgin çaýdy.
Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 3-nji maýynda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri ilatyň haýyşyny nazara alyp, sebitlerde metjit hem-de onuň ýanynda sadaka bermek üçin niýetlenen jaýy gurmak baradaky teklip bilen döwlet Baştutanymyza ýüzlendiler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow metjidi we onuň ýanynda sadaka berilýän jaýy gurmagyň sogap işleriň biridigini nygtamak bilen, welaýatlaryň häkimleriniň tekliplerini makullady. Şonuň bilen baglylykda, şol ýylyň 24-nji iýunynda welaýatyň il sylagly ýaşulularydyr din wekilleriniň gatnaşmagynda Änew şäheriniň çäginde, «Bagabat» şypahanasyna alyp barýan täze awtoulag ýolunyň ugrunda, tebigatyň bagy-bossanlyga bürenen gözel künjeginde täze metjidiň düýbi dabaraly ýagdaýda tutuldy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Aga gurluşyk» hususy kärhanasynyň gurluşykçy-hünärmenleri metjidiň we sadaka jaýynyň gurluşygyny ýokary talaplara laýyklykda ýerine ýetirip, bellenen möhletde tamamladylar. Mukaddes Oraza aýynyň şu sogaply günlerinde - 27-nji martda täze metjidiň açylyşyna hajy Arkadagymyzyň gatnaşmagy we agzaçar sadakasyny bermegi welaýatymyzyň ilatynyň şatlygyny has-da goşalandyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz täze metjide aýlanyp gördi hem-de Türkmenistanyň müftüsine Arkadagly hajy Gahryman Serdarymyzyň adyndan täze metjidiň hyzmatlary üçin niýetlenen awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Metjidiň daşky görnüşinde bolşy ýaly, onuň içki timarlaýyş işlerinde mermer, granit ýaly gymmat bahaly serişdeler ýokary derejede peýdalanylypdyr. Keramatly Gurhanyň sürelerini beýan edýän ýazgylar metjidiň bezeginde aýratyn orun eýeleýär. Hajy Arkadagymyz metjidiň açylyşy mynasybetli eden çuň manyly çykyşynda bu hakda aýratyn durup geçmek bilen, şanly günlerde mukaddes Änew topragynda gadymy hem-de häzirki zaman binagärlik däplerine laýyk gelýän täze, döwrebap metjidiň ulanmaga berilmegi parz işlerimiziň dowamat dowamdygyny aýdyň görkezýändigini aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu metjidiň umumy meýdany 6 gektara barabar. Bu ýerde bir wagtyň özünde 500 adam namaz okap bilýär. Dört minarasynyň her biriniň boýy 50 metre deňdir. Gümmeziniň beýikligi bolsa, 30 metre deň bolup, ol bir aýyň gün sanyny aňladýar. Uly gümmeziň gyrasynda 24 penjire bolup, ol bir gije-gündizi alamatlandyrýar.
Metjitdäki we bu ýerde gurlan 500 orunlyk sadaka jaýyndaky çyralaryň şekilleri, gümmeziniň we diwarlarynyň nagyşlary bugdaý şekilinde bolup, ol Änewiň ak bugdaýyň we ekerançylygyň ilkinji mekanlarynyň biri bolandygyny aňladýar. Metjidiň we sadaka jaýynyň içiniň gök nagyşlary Seýit Jemaleddin metjidinde ulanylan şekilleriň reňkidir. Diwarlaryna nesilbaşymyz Oguz hanyň nyşanyny aňladýan sekiz burçly nagyşlar çekilen metjidiň mährabynyň ýokarsyndaky ýaşyl reňkli uly yşyklandyryjyda arapça «Alla» diýen ýazgy bar. Metjidiň we sadaka jaýynyň içindäki halylardaky nagyşlar hem Oguz hanyň nyşanlaryndan alyndy.
Gahryman hajy Arkadagymyzyň gadymy toprakda ýerleşýän, halk arasynda «Seýit Jemaleddin metjidi» ady bilen belli bolan metjidiň öň ýüzündäki, Merkezi Aziýada başga ýerde gabat gelmeýän meňzeş aždarhalaryň şekiliniň nusgasy barada aýdanlary, şeýle-de bu ymaratda şekili çekilen aždarhalar barada gürrüň beren rowaýaty uly täsirleri döretdi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, rowaýatda aždarhalar Änewiň ilatyna hossarlyk eden jandarlar hökmünde görkezilýär. Şonuň bilen baglylykda, hajy Arkadagymyzyň geçmiş mirasymyza sarpa goýmak, taryhda öçmejek yz galdyran şahsyýetlerimizi hormatlamak däplerimize eýerip, keramatly toprakda bina edilen täze metjidi «Seýit Jemaleddin metjidi» diýip atlandyrmak boýunça orta atan teklibi gyzgyn goldaw tapdy.
Oraza aýy halkymyzda sahawatyň we kanagatyň, halallygyň we haýyrly tutumlaryň aýy hökmünde derejelenýär. Bu aýda Beýik Biribaryň kelamy bolan mukaddes Gurhany-Kerime uýlup, dini adatlar berjaý edilýär, ata-babalarymyzdan gelýän ajaýyp ýörelgelere eýerilip, Oraza tutulýar, agyz beklenýär, sadakalar berilýär, ýagşy doga-dilegler edilýär, sogaply işlere giň orun berilýär, metjitlerde tarawa namazy okalýar. Şeýle mübärek günlerde «Allanyň öýi» hasaplanýan metjidiň açylmagy we ol ýerde agzaçar sadakasynyň berilmegi parasatly ata-babalarymyzdan miras galan haýyrly işleri ýagşy günler bilen baglanyşdyrmak, mukaddeslikleri sarpalamak ýaly däplerimiziň rowaçlanýandygynyň nyşany boldy. Aýratyn begendirýän zatlaryň biride, mukaddes Gadyr gijesiniň hormatyna ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem täze tehnologiýalary, özboluşly binagärlik çözgütleri özünde jemleýän, yslam medeniýeti üçin häsiýetli bolan bezeg esaslaryndan ugur alnyp bina edilen metjitleriň açylyp, ulanylmaga beriljekdigidir.
«Seýit Jemaleddin metjidi» diýlip atlandyrylan täze metjidiň açylmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň beren agzaçar sadakasynyň, edilen aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny arzuw edýäris.
Resul IŞANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň
Ahal welaýat komitetiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty