The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

05.04.2024

MAGTYMGULY WE SAHY JEPBAROW

 

Meşhur syýahatçy Arminiý Wamberiniň: «Türkmenlerde iň gowy lezzet bagşynyň gelmegi we onuň Görogludan ýa-da Magtymguludan aýdym aýtmagydyr» diýen sözleri halkymyzyň söze hem saza näderejede uly sarpa goýýandygyny görkezýär. Hakykatdan hem, milli aýdym-saz sungatymyzda öçmejek yz galdyran bagşy-sazandalaryň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlary aýtmadygy ýa-da onuň goşgularyna saz döretmedigi ýok diýen ýalydyr. Dana Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan goşgularynyň dilden-dile geçmeginde bagşy-sazandalaryň bitiren hyzmatlary örän uludyr. Bu ugra uly goşant goşanlaryň biri-de meniň garry atam, halypa bagşy, Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Sahy Jepbarowdyr. 

Meşhur bagşy bilen akyldar şahyrymyzy nämeler baglaýarka? Beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň edebiýatymyzyň millileşmeginde örän uly hyzmaty bardyr. Ol özüniň pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen diňe ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä ýüzünde giňden tanalýar. Sahy Jepbarow bolsa dana Pyragynyň döredijilik dünýäsini şirin owazlara besläp, halkyna ruhy lezzet paýlan saýrak bilbildir, halkynyň ussat bagşysydyr. 

Sahy Jepbarow beýik şahyryň sözlerine «Bu gün», «Är ýanynda bellidir», «Gözel sen», «Näler görüner», «Pygan eglenmez», «Ykbal bolmady», «Daş döker», «Jem bolup» ýaly aýdymlary şirin owaz bilen bezäp, il-gününe miras galdyrdy. Bu aýdymlaryň halk içinde şeýle söýlüp diňlenilmeginiň aňyrsynda «Ýusup owgan», «Ýar ahym», «Kyýamat perdesi», «Saparmämmet», «Pelek ömrüm», «Ýow bagşy», «Hatyrjem», «Nowgül» ýaly sazlaryň ussatlyk bilen ulanylyp, şol goşgular bilen sazlaşygy döretmegi ýatyr.

Magtymguly Pyragy öz dürdäne goşgulary bilen milli şygryýet mekdebini döredip, özünden soňky şahyrlara nusgalyk ýol goýan bolsa, Sahy Jepbarow aýdym-saz sungatymyzda özboluşly mekdebi döredip, ençeme ýaş zehinleri ýetişdirdi. Halypa bagşy barada Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, sazanda Akmyrat Çaryýew şeýle ýatlaýar: 

— Sahy halypa bilen on bir ýyllap duz-emek bolup gatnaşdyk. Şol geçen ýyllaryň içinde Ata Ablyýew bilen ussadymyza sazandarlyk edip, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bile çykyş etdik. Ol Magtymguly atamyzyň goşgularyna döredilen aýdymlary aýtmaly bolanda, az-kem oýa batardy. Soňra pikirini bir ýere jemläp, belent heňde aýdyma başlardy. 

Hawa, bu iki tanymal şahsyýeti biri-birine baglaýan zat, olaryň Hak tarapyn berlen zehinini, köňle gelenini taraşlap, halka ýetirmegi bilen baglydyr. 

 

Sahyberdi JAFAROW,

 Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Kada-kanunçylyk komitetiniň agzasy.