The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

11.04.2024

YHLAS HEM-DE HÖWES BILEN

 

Şeýle bir taryhy wakalar, şanly günler bolýar. Olar ýaşaýyş-durmuşa täze joşgun, täze bir bat berýärler. Şolar bilen birlikde ýaşaýyş akabalarynyň özgerdiji güýji has köpelýär, durmuş-ýaşaýşymyzyň mazmuny täze mana eýe bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şeýle mazmunly wakalara beslenýän günlerimiziň has köpdügine buýsanjymyz artýar. 

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toý dabaralary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň elimize gowuşmagy, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden taryhy çykyşy, hormatly Prezidentimiziň oba hojalygynyň öňe gitmegine gönükdirilen Kararlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň many-mazmunyny has baýlaşdyrdy. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşlerine itergi berýän bu wakalaryň hersiniň uly ähmiýeti bar. Şeýle wakalaryň jümmüşinde ýurdumyz ösüşleriň ýoluny külterleýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy fewralynda bolup geçen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň pudagyň öňe gitmegine gönükdirilen möhüm Kararlaryň uly toparyny kabul etmegi daýhanlaryň ruhlaryny belende göterdi, işe bolan höweslerini joşdurdy. 

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek hem-de pudagy dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini täzeden üýtgedip guramak, daýhanlaryň zähmetini höweslendirmek üçin bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak barada kabul eden Kararlarynyň ähmiýetiniň uludygyny biz durmuşymyzda görýäris. Bu möhüm resminamalar pudakdaky işleriň sazlaşykly we netijeli alnyp barylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şonuň bilen birlikde döwletimiziň ykdysady binýady has-da berkeýär. 2024-nji ýylyň täze hasylyndan başlap, bugdaýyň bir tonnasyny döwletimiz daýhandan 2000 manatdan satyn alýar. Öňküsinden tapawutlylykda bu ýyl bugdaýyň bir tonnasynyň bahasy 2,5 esse ýokarlandyryldy. 

Pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 5 müň manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 4 müň 770 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 4 müň 550 manat möçberde bolar.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň oba hojalygynda üstünlikli dowam etdirýän özgertmeleriniň çägi giňdir, şolaryň hasabyna pudagyň önüm öndürijilik ukyby ýene-de ýokarlandyrylýar. Oba hojalygyny ösdürmek bilen döwletimiziň ykdysady binýady has berkeýär. Bu özgerdiji Kararlaryň täsiri öz zähmet çekýän daýhan birleşigimiziň mysalynda hem aýdyň duýulýar. Biziň daýhan birleşigimizde kärendeçileriň 225-si bugdaý öndürmek bilen meşgullanýar. Daýhanlaryň ekin meýdanlaryndan bol hasyl almaklary üçin zerur bolan şertleriň ählisi üpjün edilýär, öňde baryjy iş usullary ýerlikli ulanylýar. Şertnamalaýyn borçnamadan artyk öndürilen önümleri olaryň islegi boýunça öz garamagynda galdyrylýar we erkin bahalar boýunça ýerlemek hukugy berilýär. Bu bolsa ýer eýeleriniň ýokary hasyl almaga bolan höweslerini artdyrdy. Daýhan birleşigimizde şu ýyl bugdaý ekilen 635 gektar meýdandan 2250 tonna hasyly ýygnamak maksat edinilýär. Hormatly Prezidentimiziň Kararlaryndan ruhlanan gallaçylarymyzyň öňde goýlan sepgidi eýelejekdiklerine ynamlary ýetik. Ynha, Gülüstan Annamyradowa daýhan birleşiginde ussat kärendeçileriň birisi. Onuň geçen ýylyň galla oragynda bugdaý eken 3 gektar kärende ýerinden ýygnan hasyly 17 tonna 260 kilograma barabar boldy. Ussat kärendeçiniň artykmaç ýygnan hasyly 6 tonnadan hem geçdi. Zarawşan Durdymyradowa hem 2 gektar kärende ýerinden 7 tonna 300 kilograma derek 11 tonna 200 kilogram bugdaý hasylyny döwlete tabşyrdy. Garýagdy Guwandykow bolsa 3 gektar ýerinden 20 tonna 200 kilogram bugdaý hasylyny ýygnap, şertnamalaýyn borçnamasyny 2 essä golaý berjaý etdi. Gülnara Hakyýewa, Hezretkuly Hydyrow ýaly kärendeçiler hem 3-4 tonna bugdaý hasylyny meýilleşdirileninden artyk tabşyrdylar. Şu ýyl hem olar ýokary hasyl ýygnamak höwesleri bilen joşýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak barada kabul eden Karary işine ussat daýhanlaryň yhlaslaryna yhlas goşdy. Hut şeýle daýhanlaryň we öňdebaryjy daýhan hojalyklarynyň hasabyna oba hojalyk önümleriniň öndürilişi boýunça öňde goýlan maksatlara üstünlikli ýetilýär. Şeýle möhüm Kararlar azyklyk önümleriň bolçulygyny üpjün etmäge-de güýçli täsirini ýetirýär. Azyk garaşsyzlygynyň esasy görkezijisi bolup durýan dänä bolan islegiň oba hojalyk toplumy tarapyndan doly kanagatlandyrylmagy döwletimiziň daýhanlar baradaky edýän aladalarynyň we olara berýän uly goldawynyň ýerine düşýändigini aýdyň görkezýär. Munuň üçin ýer eýeleri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan nusgalyk işleriniň mydama rowaç almagyny arzuw edýärler. 

 

Bahadur ŞADYÝEW, 

«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Çärjew etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşigindäki galla agronomy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.