The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Türkmenistan — şöhratly taryhy, adamzat siwilizasiýasynyň ösmegine goşant goşan baý medeni mirasy bilen tanalýan ýurt. Biziň topragymyzda geçmişde dünýä ýaň salan hadysalar bolup geçipdir, beýik döwletler gurlupdyr. Diýarymyzyň çar künjegindäki arheologik ýadygärlikler hem muňa şaýatlyk edýär. Dürli ýyllarda bu ýerde tanymal alymlardyr arheologlar gazuw-agtaryş işlerini geçirip, Türkmenistanyň adamzat ýaşaýşynyň iň gadymy ojaklarynyň biridigini ylmy taýdan subut edipdirler. Gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen ady buýsanç bilen göterýän ýylda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy bolsa bu hakykata ýene bir ýola aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.
Üstümizdäki ýylyň ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy watandaşlarymyzyň kalbynda uly ruhy joşgun döretdi. Biz bu gün müň ýyllyklaryň baý taryhyna sarpa goýup, beýik Magtymgulynyň parasady bilen aňymyzy durlaýarys, beýik ösüşleri gazanýarys. 2015-nji ýylda ýurdumyzyň Mary şäheri «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen derejä mynasyp bolupdy. 2024-nji ýylda bolsa bu abraýly ady gadymy Änew şäheri göterýär. Şu şanly waka mynasybetli myhmansöýer türkmen topragyna dostlukly ýurtlardan köp sanly myhmanlar gelýär. Türkmen topragynyň beýik taryhy, şöhratly Änew medeniýeti bilen gyzyklanyp, dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän myhmanlaryň sany bu ýyl diňe artmak bilen bolar. Munuň özi Türkmenistanyň ýakyn-u-alysdaky ýurtlar bilen hoşniýetli gatnaşyklary barha ösdürýändiginiň, Watanymyzyň ähli babatda dünýäniň üns merkezindäki ýurda öwrülýändiginiň hem aýdyň güwäsidir. Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasynyň giňden ýaýbaňlandyrylan günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynyň elimize gowuşmagy şanly ýylymyzy, döwrümizi bezän ajaýyp waka öwrüldi.
Täze kitaby okap, hormatly Prezidentimiziň ony türkmen topragynyň taryhyna, şol sanda Ahal welaýatynyň, onuň köp sanly ýadygärliklerine ozaldan gyzyklanmalary netijesinde özünde dörän pikirlerine daýanyp ýazandygyny duýmak bolýar. Dürli ýyllarda zähmet ýolunda toplan tejribeleri, halypalardan eşiden, öwrenen zatlary, durmuş wakalaryna şahsy garaýyşlary bilen birlikde, atasy Mälikguly aganyň öwüt-ündewleri, kyblasy Milli Liderimiziň beýik taglymatlary bu işde döwlet Baştutanymyza ýakyndan kömek edipdir. Bular barada hormatly Prezidentimiz eserinde aýratyn minnetdarlyk bilen ýatlaýar. «Kakam Gahryman Arkadagymyzyň taryha, esasanam, türkmen halkynyň taryhyna degişli berýän gyzykly gürrüňleri hemişe täsirli» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belleýär. Şunda nesil terbiýesi, nesilleriň özara gatnaşygy, ata bilen ogluň arasyndaky gatnaşyk, ogluň öz pederine ynamy, söýgüsi, hemişe hoşallyk duýgusy üns çekilmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň öz atasyna, kakasyna hormaty hemmeler üçin, her bir maşgala, her bir perzent üçin nusgadyr, beýik mekdepdir. Çünki diňe şeýle hormat-sylagyň, nesilleriň arasyndaky pugta gatnaşygyň, mähriň hem söýginiň bar ýerinde maşgala mäkäm bolýar, peder ýoly dowamata uzaýar. Ahyrky netijede, munuň özi milletlik derejesi, döwletlilik bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Döwlet Baştutanymyz Änew medeniýetine bagyşlanan eserinde ýörite maksatnamalar esasynda ýurdumyzda taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işler barada hem giňişleýin maglumat berýär. 2017-nji ýylda «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasy» kabul edilipdi. Maksatnama laýyklykda, türkmen alymlary, hünärmenleri Diýarymyzyň dürli sebitlerindäki arheologik ýadygärliklerde ylmy-barlag, rejeleýiş işlerini amala aşyrdylar, halkymyzyň gadymy maddy medeniýeti barada örän köp ylmy maglumatlary topladylar. Bu işler häzirki wagtda «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda üstünlikli dowam etdirilýär.
Türkmenistan abraýly halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. ÝUNESKO-nyň degişli komitetleri, ylmy-barlag institutlary bilen hem ýurdumyz medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlary boýunça bilelikdäki işiň baý tejribesine eýedir. Türkmen topragynyň örän möhüm taryhy ýerleri, halkymyzyň gaýtalanmajak milli gymmatlyklary ÝUNESKO tarapyndan aýratyn hasaba alnandyr we umumadamzat mirasyna degişli abraýly sanawlara goşulandyr.
Ýurdumyzda milli taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak, däp-dessurlarymyza aýawly garamak boýunça uly işleriň bitirilýändigi bizi örän guwandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitaby bolsa bu babatda bahasyna ýetip bolmajak gollanmadyr.
Hatyja MUSTAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.