Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde bu ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek babatynda anyk wezipeler goýuldy. Bu wezipeleri amal etmekde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň üstünede degişli borçlar ýüklenildi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň möhüm çözgütlere baý boljakdygyny bu gün uly ynam bilen aýdyp bileris. Edil gadymy pederlerimizde bolşy ýaly, ajaýyp döwrümizde hem uly toýlarymyza il-ýurt bähbitli geňeşler bilen girişmek asylly däbe öwrüldi. Şol geňeş ― Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi eziz Diýarymyzyň okgunly ösüşleriniň geljegini kesgitleýän çözgütleri bilen ýüreklerde uly orny eýelär.
Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýol-ýörelgesi esasynda durmuşa geçirilýän netijeli işler her birimizde buýsanç döredýär. Olaryň hatarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini hem agzap bileris. Bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzda çagalaryň onlarçasynda çylşyrymly operasiýalar üstünlikli geçirilip, olara ikinji ömür, hemişelik saglyk bagyşlandy. Bu gün ýurdumyzyň sebitleriniň islendik birinde gaznanyň çaýan ýakymyny aýdyň görýäris.
Ýaňy-ýakynda bu haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzda pemberton usuly bilen Türkmenistanda ilkinji ortopedik operasiýanyň üstünlikli ýerine ýetirilendigi habar berildi. Bu operasiýa welaýatymyzyň ýaşaýjysy Atajan Şöhradowda üstünlikli geçirildi. Munuň özi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy üçin taryhy wakadyr. Germaniýaly kärdeşlerimizden öwrenilen bu usul geljekde çagalaryň ençemesine hemişelik saglyk bagyşlar.
Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna welaýatymyzyň çagalarynda beýleki görnüşli operasiýalar hem yzygiderli we üstünlikli geçirilýär. Golaýda ýene-de üç çagada ýürek ýetmezçiligi boýunça operasiýalar üstünlikli amala aşyryldy. Welaýat saglygy goraýyş müdirliginde gaznanyň serişdeleriniň hasabyna diňe şu ýylyň özünde operasiýa edilen çagalaryň 27-si hasaba alyndy. Ýene-de şonça çaga häzirki günlerde welaýatymyzdaky saglyk merkezlerinde operasiýa taýýarlanylýar. Operasiýa edilen çagalaryň saglyk ýagdaýy kadaly. Olaryň ata-eneleri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.
Umuman, ýurdumyzyň Gündogar sebitiniň ýaşaýjylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýuna we bu toýuň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine bagtyýar günleriň goýnunda barýarlar. Olaryň iň uly baýlygy ― saglygy! Saglyk bolsa bagtyýar ýaşaýşyň esasy çeşmesi. Şeýle bolansoň, watandaşlarymyza yzygiderli saglyk serpaýlaryny ýapýan Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize ildeşlerimiz hoşallyk sözlerini aýdýarlar.
Gadam HEMRAÝEW,
welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň
başlygynyň bejeriş işleri boýunça orunbasary,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.