The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Golaýda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahatynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda, işlenip taýýarlanylan birnäçe möhüm kanunlaryň taslamalaryna garaldy we kabul edildi.
Häzirki wagtda dünýä boýunça energiýa serişdeleriniň tygşytlanylmagyna we ondan netijeli peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Energiýa serişdeleriniň netijeli ulanylmagy diňe bir jemgyýetçilik meseleleri bolmak bilen çäklenmän, eýsem bu ählumumy ekologiýa abadançylygy bilen hem baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatynda «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Kanun bu ugurdaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny we ýörelgelerini kesgitleýär.
Maslahatyň gün tertibinde kabul edilen «Gidrometeorologiýa işi hakynda», «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary bar. Şeýle hem «Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Weterinariýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Kanunlary ýurdumyzyň kanunçylygyna we döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirildi.
Kabul edilen hem-de üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen kanunlar täze taryhy döwürde durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Rasul SADULLAÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.