The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

18.04.2024

TÄZE ULGAMYŇ AMATLYKLARY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýoly bilen ösüş-özgerişleriň täze belentliklerine çykmagyna giň ýol açyldy. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmekde, ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňde baryjy derejelere ýetmekde wajyp wezipeleri öňde goýýar. Ýurdumyzda elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek şu günüň wajyp wezipesi bolup durýar. Bu wezipe innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti kemala getirmekden ybaratdyr. Hut şu maksat bilen Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy kabul edildi. 

Sanly ykdysadyýet diýmek, munuň özi — elektron enjamlarynyň kömegi bilen önümçilik, söwda, alyş-çalyş, sarp etmek, paýlamak boýunça dürli görnüşli çylşyrymly işleri örän gysga wagtda amala aşyrmak diýmekdir. Şol bir wagtda ol şol “akylly” enjamlaryň satyn alynmagynam öz içine alýar. Ýokarda ýatlanymyzy başgaça aýtsak, sanly ykdysadyýet — munuň özi elektron hasaplaşyk, internet-söwda hem-de göni ýaýlym hyzmatlaryny bermekligi öz içine alýan sanly kompýuter tehnologiýalary bilen bagly hereketleriň ulgamydyr. 

Öňde baryjy ulgamyň maliýe we bank edaralarynyň işini kämilleşdirmekdäki ähmiýeti örän uludyr. Bu edaralaryň işiniň sanlylaşdyrylmagy dürli amallary ýerine ýetirmekde wagtyň tygşytlanmagyna, müşderilere edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyryp, hilini ýokarlandyrmaga täze mümkinçilikleri açýar. “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ykdysadyýetimizi we dürli ulgamlary sanlylaşdyrmakda netijeli işleriň bady artýar. 

 

Arslan ÇARYÝEW. 

Türkmenistanyň “Türkmenistan” DTB-nyň 

“Pendi” şahamçasynyň sanly bank tehnologiýasy we awtomatizasiýa bölüminiň esasy hünärmeni, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty