The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

25.04.2024

ILGÜN BÄHBITLI TAGALLALAR

 

Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap döwletimizde belent sepgitlere eýe bolunýar. Durmuşa geçirilýän özgertmeleriň bady artyp, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýy ýyl saýyn ýokarlanýar. Şeýle ösüş-özgerişli depginiň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda has-da rowaçlanýandygy guwandyrýar. 

Golaýda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň welaýatymyzda iş sapary bilen bolmagy üstümizdäki ýylyň möhüm wakasy boldy. Hormatly Prezidentimiz iş saparynyň barşynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyşyna ak pata berdi. Munuň özi ulag ulgamynda iri taslamanyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem şu dabarada döwlet Baştutanymyzyň welaýatymyzyň ýolagçylaryna täze awtobuslaryň 200-e golaýyny sowgat etmegi il-günümizi begendirdi. Dogrusy, hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş sapary güni şatlykly wakalara baý boldy. Şol gün Mary şäherinde durky täzelenen welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gözel binasy hem ulanmaga berildi. Merkezde eneleriň we çagalaryň saglygyny goramakda döredilen şertler olara edilýän lukmançylyk hyzmatyny hil taýdan ýokary derejelere çykarmaga mümkinçilik berer. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gadymy Mary topragynda iş sapary bilen bolan güni ýene bir şatlykly waka il-günümiziň kalbyna nur çaýdy. Has takygy, şol gün welaýat merkezimiziň günbatarynda iki gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň 59-synyň ulanmaga berilmeginiň dabarasy alyslara aşdy. 

Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş sapary il-gün bähbitli tagallalar bilen dabaralandy. Munuň özi güneşli Diýarymyzyň ýeňişli menzilleriniň rowaçlanýandygyny äşgär edip, täze sepgitlere ruhlandyrdy. 

 

Çary GURBANMYRADOW. 

Mary etrap hassahanasynyň 2-nji çagalar bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.