The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

25.04.2024

ZYÝANLY ENDIK— JANA ZULUM

 

Hakykatdanam, alymlaryň we lukmanlaryň seljermeleri çilimkeşligiň jana zulumdygyny, onuň ynsanyň saglygyna uly zyýan ýetirýändigini subut edýär. Şonuň üçinem temmäki önümleriniň ulanylmagyna, çilimkeşlige garşy göreşmek hemişe derwaýyslygyna galýar. Çilim çekilende ol adamyny ýuwaş-ýuwaşdan zäherleýär. Iň ýaman ýerem, çilim çekýäniň ýanyndakylar ýa-da maşgala agzalary hem temmäkidäki nikotinden dem alyp zäherlenýärler. 

Temmäki tüssesi ynsan saglygyna köp taraplaýyn zyýan ýetirýär. Aýratynam, dem alyş ýollaryna, öýkene ýetirýän zyýany has-da uludyr. Sebäbi, çilimiň tüssesiniň düzümi juda maýdajyk bölejiklerden ybarat bolup, ol bronhit, dem gysma, öýkende çiş döremelere getirip bilýär. Çilim çekmegiň ýene bir zyýanly tarapy, çilim tüssesi arteriýa damarlaryny gatadýar, damarlary daraldyp, gan akymynyň bedene barýan mukdary azalýar. Gan akymynyň ýetmezçiligi bolsa, ýürek gan-damar ulgamynda dürli keselleriň döremegine getirýär. Şeýle hem dowamly çilim çekilende ateroskleroz keseli emele gelýär. Temmäki tüssesiniň düzümindäki nikotin aýak we el damarlaryndaky gan aýlanyşygyny bozup, ynsan saglygyna uly zeper ýetirýär. Bulardan başga-da, çilimiň tüssesi çilimkeşiň dişlerini saraldýar, iýmit siňdirişi peseldýär, bu bolsa, aşgazanyň kadaly işini bozýar. 

Ýokarda biz temmäki tüssesiniň adamyň saglygyna ýetirýän zyýanynyň käbirlerini ýatlap geçdik. Şeýle etmek bilen biz ýaramaz endikleriň biri bolan çilimkeşlikden daşda bolunmagyny nygtamakçy bolýarys. Biz düşündiriş işine-de uly üns berýäris. Şu işiň maksady keselleriň döremeginiň öňüni almakdan ybarat bolup, çilimkeşlikden, naskeşlikden daşda bolunmagyny wagyz-nesihat etmekdir. Anyk mysallar arkaly berýän gürrüňimiz adamlarda uly täsir galdyrýar. Şeýle çärelerimiz keseli bejereniňden öňüni almagyň bähbitlidigine gönükdirilendir. 

 

Atamyrat AMANDURDYÝEW. 

S.Türkmenbaşy şäherçesindäki saglyk merkeziniň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.