The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda ýöredip gelýän asylly ýörelgeleriniň naýbaşysy ýurt ähmiýetli, halk bähbitli meseleleri maslahatlaşyp, agzybirlikde çözmek dessurydyr. Halk Maslahatynyň mejlisi döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze gözýetimlerini açýar.
Halk Maslahatyny döwletlilik ýoly, bagtyýarlyk ýoly hasap edýän pähimdar pederlerimiziň paýhasly ýol-ýörelgelerinden, ýaşuly nesliň döwrüň synagyndan geçen bu baý durmuş tejribelerinden giňden peýdalanýan eziz Diýarymyzda her ýylda Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilip, onda ýurdumyzda ýerine ýetirilen işlere seljerme berlip, eziz Watanymyzyň geljekki ösüşlerini üpjün edýän ägirt uly işleriň amal bolmagyna esas bolýan wezipeler kesgitlenilýär. Olary üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýollary açylyp görkezilýär. Arkadagly Serdarymyzyň ýurt başyna geçmegi bilen gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklarymyz, nesillerden nesillere geçip gelýän beýik ynsanperwer däplerimiz dowam etdirildi. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda halkymyzyň asylly ýörelgeleri esasynda döwrüň demokratiýasynyň kadalary giňden ýaýbaňlandyryldy.
Bu taryhy ähmiýetli mejlise talyp ýaşlaryň hem gatnaşdyrylmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. «Ýaşlar biziň geljegimizdir! Geljekde eziz Watanymyzyň ösüşi, gazanjak üstünlikleri we bütin dünýäde halkara abraýy ýaşlara baglydyr» diýip, Milli Liderimiziň jaýdar belleýşi ýaly, 30 ýyllyk maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýaşlara, olaryň tutanýerli zähmetine, yhlasyna baglydyr. Häzirki döwürde islendik ýurduň ösüşi üçin durnuklylyk, parahatçylyk we agzybirlik zerur. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenilip taýýarlanylan, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky maksatnamalarda hem häzirki zaman şertlerinde wajyp bolan şeýle ýörelgeler jemlenýär. Olaryň ählisi-de ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň binýadynda döwletimiziň, halkymyzyň, jemgyýetimiziň, her bir adamyň bähbitlerine esaslanýar.
Döwlet, halk bähbitli maksatnamalar uly özgertmelere, buýsançly ösüşlere badalga bolup, türkmen halkynyň bitewi, Garaşsyz, baky Bitarap, ykdysady taýdan kuwwatly hem-de gülläp ösýän döwlet baradaky köp asyrlyk arzuwlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Täze eýýamyň her bir güni türkmenistanlylaryň eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine çekýän tutanýerli we döredijilikli zähmetinde gazanýan ajaýyp üstünliklerine beslenýär.
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň
durmuş syýasaty baradaky
komitetiniň baş hünärmeni.