The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistan häzirki döwürde hem howa, awtomobil, demir we deňiz ýollary arkaly aragatnaşygy üpjün edýän iri merkezleriň biri hökmünde tanalýar. Onuň geostrategik ýerleşişi ulag-aragatnaşyk we logistika ulgamyny ösdürmäge giň ýollary açýar. Ýurdumyz ulag-aragatnaşyk we logistika ugry boýunça halkara çärelere işjeň gatnaşyp, netijeli teklipler bilen çykyş edýär.
Golaýda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen «Hazar sebitiniň ulag logistikasy — 2024» atly III halkara forumy şeýle çärelere mysal hökmünde görkezmek bolar. Oňa Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň ugurdaş döwlet edaralarynyň, ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri hem-de Ýewraziýanyň beýleki ýurtlaryndan bank, ätiýaçlandyryş we maýa goýum düzümleriniň hünärmenleri gatnaşdylar.
Halkara çäräniň dowamynda Wolga — Hazar ulag-logistika ulgamynyň we Ýewraziýanyň halkara ulag geçelgeleriniň esasy meseleleri barada pikir alşyldy. Bütin dünýäde ulag akymlarynyň üýtgemegi we Ýewraziýanyň köp gatnawly Demirgazyk — Günorta, Günbatar — Gündogar, Demirgazyk — Gündogar, Günorta — Günbatar ugurlaryna öwrülmegi şertlerinde özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň ýollarynyň üstünde durlup geçildi. Mundan başga-da, Hazar deňzi sebitinde ulag logistikasyny ösdürmegiň mümkinçilikleri, ýükleri daşamagyň esasy ugurlary, deňiz portlarydyr gury ýer duralgalaryny döwrebaplaşdyrmak, Demirgazyk — Günorta ugry boýunça, şeýle-de Wolga derýasynyň üsti bilen ýükleri geçirmek, gämi gurluşygy we ýük daşamak bilen bagly meseleler dogrusynda, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, ulag-logistika infrastrukturasynyň, işewürligiň ösmegi, sebitde agrar önümleriň eksporty üçin taslamalara maýa goýmak ýaly meselelerede garaldy.
Forumda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Hazarüsti halkara gatnaw ýollaryna işjeň goşulyşýar we bu ugurdaky kuwwatlyklary doly peýdalanmaga çalyşýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň netijeli ulanylmagy, öz gezeginde, milli deňiz flotuny has-da giňeltmäge, ýükleriň möçberini, üstaşyr geçirilmegini artdyrmaga we daşary ýurt gämileri üçin hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Halkara forumyň çäginde şäheriň derýa duralgasyna gezelençler guralyp, medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy.
Eziz MATDYÝEW, «Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gämi gurluşyk toplumynyň başlygy.