The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Beýik tutumlar, şanly wakalar, şöhratly menziller milletiň buýsançly taryhyny kemala getirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhynyň täze altyn sahypalarynyň ýazylýan eýýamydyr. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-nyň Hemişelik geňeşi tarapyndan «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen hem-de agzybir halkymyzyň ýürek arzuwy bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylymyzyň taryhy pursatlary muny jümle-jahana ýaýýar. Merdana halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýan şeýle şanly wakalaryň mazmun taýdan biri-biriniň üstüni ýetirýän günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy köňül buýsanjymyzy goşalandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz bu kitaby ýazmak bilen, öňde goýýan baş maksadynyň türkmen we daşary ýurtly okyjylaryny ýurdumyzda alnyp barylýan il-halk bähbitli işleriň geriminiň giňligi, tagallalaryň beýikligi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem olary beýik döwletimiziň bagtyýar hem-de ajaýyp geljegi üçin belent işlere ruhlandyrmakdan ybaratdygyny aýratyn belläp geçýär. Şunuň ýaly asylly hem-de beýik maksat bilen ýazylan bu eser ýene-de bir buýsançly hakykaty, ýagny peder ýoluny dowamata atarýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň beýik taryhyna, ýeten belent derejelerine, umumadamzat ösüşiniň bölünmez synasy bolup durýan ruhy-medeni, taryhy gymmatlyklaryna bolan nusgalyk söýgi-sarpasyny aýdyňlygy bilen açyp görkezýär. Şol bir wagtda, munuň özi hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň we jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde, ýaş nesilleriň ruhy hem-de ahlak taýdan kämilligini gazanmakda oýlanyşykly durmuşa geçirilýän düýpli özgertmelerde taryhy-medeni mirasymyzy mizemez binýada öwren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny has-da berkidip, mazmun taýdan yzygiderli baýlaşdyrýandygyny hem doly tassyklaýar. Şunlukda, şöhratly geçmişimiziň gymmatly mirasyny öz gymmaty bilen geljege ýetirmekde we jahana ýaýmakda paýhasly döwlet syýasatymyz täze belentliklere göterilýär. Sebäbi bu gymmatly miras irki adamzat medeniýetiniň esaslandyrylmagyna ummasyz goşant goşan halkymyzyň synmaz erkiniň, agzybirliginiň, watansöýüjiliginiň, ýaşaýşa bolan nusgalyk söýgüsiniň misilsiz güwäsidir. Şeýle beýik hakykaty özünde jemleýän Änew topragynyň her daban ýeri adamzat ösüşiniň gadymy subutnamalaryny özünde jemleýär.
Änew ak bugdaýy dünýä beren mukaddes toprak hasap edilýär. Munuň özi türkmen topragynyň gadymy ekerançylygyň gözbaşydygyna, oturymly ilatyň diňe bir ekerançylyk bilen däl, eýsem, hünärmentçilik, söwda-satuw bilen meşgullanyp, adamzat medeniýetiniň kemala gelmegine önjeýli goşant goşandygyna güwä geçýär. Ylmy maglumatlaryň, arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri arkaly tassyklanylan bu taryhy hakykatlar Änew medeniýetiniň adamzat siwilizasiýasynyň häzirki ýeten derejesindäki mynasyp ornunyň kepilidir. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby öz okyjylaryny şeýle buýsançly hakykatlaryň jümmüşine gaýybana syýahata alyp gitmek arkaly, döwürler bilen döwürleriň, nesiller bilen nesilleriň sazlaşykly arabaglanyşygyny üpjün edýär.
Täze eser hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň köptaraply ösüşinde taryhy-medeni gymmatlyklarymyza möhüm ähmiýet berýändigini ýene bir ýola görkezdi. Döwlet syýasatymyzyň häsiýetli aýratynlygy bolup durýan şeýle tagallalaryň oňyn netijeleri ýurdumyzyň egsilmez kuwwaty hasaplanylýan ýaş nesillerde halkymyza, eziz Watanymyza, şöhratly geçmişimize çäksiz buýsanç duýgularyny terbiýelemekde ýetilýän belent sepgitlerde ähli aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Bu bolsa öz nobatynda, bagtyýar ýaşlarymyzy täze taryhy eýýamda berkarar Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmak, hoşniýetli we ynamdar hyzmatdaş hökmünde ýeten belent derejesini has-da berkitmek babatda üstünliklere beslenýän taryhy tutumlara mynasyp goşant goşmak hyjuwyny has-da artdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen hyjuwly ýaşlarymyz pederlerimiziň miras galdyran medeni gymmatlyklarynyň, mertebeli ýollarynyň mukaddesligine çuňdan düşünýärler. Şeýlelikde, milli taryhy-medeni gymmatlyklarymyz ýaşlaryň kalbynda halkymyzyň beýikligine bolan buýsanç duýgusyna öwrülýär.
Hormatly Prezidentimiziň özboluşly terbiýe mekdebine öwrülip, okyjylarynyň kalbynda iň naýbaşy duýgyny — milletiň beýikligine bolan çäksiz buýsanç duýgusyny kemala getirýän ajaýyp eserleriniň höwri köp bolsun!
Guwanç ÇENDIROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy,
Mejlisiň deputaty.