The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

02.05.2024

MAŞGALA — JEMGYÝETIŇ BERK BINÝADY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan giň möçberli döwlet syýasatyny kanunçylyk taýdan goldamak, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Şol işler, ilkinji nobatda, ilatyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Bu babatda aýdylanda, ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň 5-nji maslahatynyň geçirilendigini bellemek gerek. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça birnäçe kanunlar kabul edildi. Öň hereket edýän kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Bu işleriň amala aşyrylmagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052- nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. 

Maşgala ynsan durmuşynyň gözbaşy hasaplanýar. Maşgalanyň abatlygy, agzybirligi jemgyýetiň ösüşine uly täsir edýär. Şonuň üçin il arasynda agzybir maşgala döwletli maşgala hasaplanýar. Türkmen halkymyz maşgala bitewüligini ähli zatdan ýokary goýýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde kämilleşdirilýän kanunçylyk namalarynda, şol sanda Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde maşgalany berkitmek, çagalaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak babatynda ähli üpjünçilikler göz öňünde tutulýar. 

Her bir maşgala jemgyýetimiziň gülläp ösmegine uly goşant goşýar. Şonuň üçin sagdyn pikirli, sagdyn bedenli maşgala sagdyn jemgyýetiň gözbaşynda durýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz şeýle belleýär: «Jemgyýetiň bir bölegi bolan her bir türkmen maşgalasyndaky saklanyp galan däp-dessurlar biziň döwletimiziň milli medeni gymmatlyklary bolup durýar». 

Maşgaladaky asudalyk, agzybirlik raýat jemgyýetiniň agzybirliginiň gözbaşydyr. Şahsyýetiň ahlaklylygynyň, edebiniň hut maşgalada düýbi tutulýar we onuň jemgyýetde özüni alyp barmagynyň, medeniýetli gylyk-häsiýetiniň emele gelmeginiň esasyny düzýär. Çagany ösdürip ýetişdirýän we terbiýeleýän ýaş maşgala uly durmuş ýüküni çekýär. Şol esasynda ýaşlary durmuşa taýýarlamak, maşgala mukaddesligine söýgi döretmek, ýaşlarda halallyga, edeplilik we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek barada yzygiderli wagyz-nesihat işleri geçirilip durulýar. 

Türkmen maşgalasynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. 

 

Ogulşad DURDYMEDOWA, 

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty