The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

07.05.2024

ENELIGIŇ WE ÇAGALYGYŇ GORAGLYLYGY— ýagty ertirleriň aladasy

 

Maşgalanyň we eneligiň goldanylmagy, sagdyn nesliň kemala getirilmegi hem-de zenanlaryň hukuklarynyň goralmagy jemgyýetiň ösüş derejesiniň möhüm görkezijilerini kesgitleýär. Sagdyn, bagtly enelik we çagalyk, maşgalanyň durmuş taýdan goraglylygy babatda alnyp barylýan döwlet syýasaty döwrüň ösen talaplaryny nazarlaýar. Munuň özi her bir ojakda maşgala gatnaşyklarynyň has-da berkemegine täsir edip, hut şu gymmatlyklaryň sarpalanmagy bilen, berk binýatly geljegi gurmagyň ähmiýetiniň aýratyn ünsde saklanýandygyny görkezýär. Çünki maşgalalaryň abadançylygy bilen jemgyýetiň jebisligi, halkyň döwletliligi pugtalandyrylýar. Şol bir wagtda, bu umumymilli gymmatlyklar esasynda Watanyň daýanjy bolan ýaşlaryň belent ahlak sypatlary-da kemala gelýär. 

Şu ýylyň fewralynda Milli Liderimiziň başlyklygynda Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirilip, onda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi. Olaryň hatarynda durmuş syýasaty ulgamynda iş üpjünçiligini we zähmet gatnaşyklaryny döwrebap kadalaşdyrmak, maşgalany, eneligi we çagalygy goramak, ýaşlary goldamak, saglygy goraýyş ýaly meselelere degişli kanunçylyk seljerilip, zerur işler bellenildi. 

Täze taryhy döwürde howandarlyga mätäçlere hemaýat bermek işini has ösdürmek, her bir adamyň, ylaýta-da, çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatdaky tagallalar ynsanperwerligiň belent nusgasyny, durmuş syýasatynyň ýokary netijeliligini tassyklaýar. ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna lukmançylyk hyzmatlarynyň hödürlenendigi we nesilleriň ýagty geljege umydyny pugtalandyrmaga goşandy üçin güwänamanyň gowşurylmagy Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen bu merkeziň netijeli işine halkara derejede ýokary baha berilýändigini alamatlandyrdy. Mälim bolşy ýaly, bu gazna tarapyndan howandarlyga mätäç çagalara geçirilen operatiw bejergiler, edilen saglygy goraýyş hyzmatlary durmuş syýasatynyň oýlanyşykly alnyp barylýandygyny görkezýär. Howandarlyga mätäçlere berilýän ýardamyň mugt görnüşde amala aşyrylmagy ýurduň ykdysady kuwwatyny, sazlaşykly ösüşini hem şöhlelendirýär. 

Islendik döwletiň tejribesini seljersek, durmuş-ykdysady ösüşinde ýokary görkezijileri gazanmagynyň şertlerinde, ilkinji nobatda, ilatyň durmuş taýdan goraglylygynyň kepillikleriniň, jemgyýetde kömege mätäç toparlara durmuş taýdan berilýän goldawyň zerurdygy ýüze çykýar. Has takygy, ýurtda eneligiň we çagalygyň, maşgalanyň goraglylygyny, durmuş üpjünçiligini, saglygyny, mynasyp zähmet çekmäge we dynç almaga hukugyny üpjün etmek wajyp wezipeleriň hatarynda goýulýar. Hormatly Prezidentimiz milli döwletliligiň berkarar bolmagynda maşgala gymmatlyklarynyň sarpalanmagyna aýratyn üns berýär. Hut şu maksatlardan ugur alnyp, bagtyýar, ynsanperwer, milletiň ruhy-ahlak ýörelgelerine ygrarly, zähmetsöýer nesilleri ýetişdirýändigi üçin sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylýar. Häzirki wagtda çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň möçberi her bir çaga onuň üç ýaşy dolýança binýatlyk ululygynyň 75 göterimi möçberinde bellenilýär. 

Döwlet Baştutanymyz çykyşlarynda maşgala gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirmekde, onuň hukuk binýadyny berkitmekde halkara tejribä aýratyn ähmiýet berýär. Hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak, kabul edilýän döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan işleri wagtynda durmuşa geçirmek amala aşyrylýan özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmakda esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Şu nukdaýnazardan, maşgala gatnaşyklary babatdaky kanunçylyk namalary yzygiderli berkidilýär. 

Maşgala kodeksine girizilýän üýtgetmeler we goşmaçalar çagalygyň goralmagy, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň umumadamzat gymmatlyklary ruhunda kemala gelmegi üçin şertleriň hukuk kepilliklerini döredýär. Kodeksiň 3-nji maddasynda eneligi, atalygy we çagalygy goramagyň döwlet kepillikleriniň bellenilmeginiň, maşgalanyň ykdysady taýdan özbaşdaklygynyň we onuň ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin şertleriň döredilmeginiň bu kanunçylygyň maksady bolup durýandygynyň bellenmegi maşgalanyň hukuk gatnaşyklarynyň kanun arkaly kepillendirilýändigini aňladýar. 

Jemgyýetçilik gatnaşyklarynda hukugyň ykrar edilen ýerinde, elbetde, borjuň hem ýüze çykýandygyny bilýäris. Çagany ekläp-saklamak, edep-terbiýeli, bilimli-hünärli edip ýetişdirmek, öýli-işikli etmek ýaly jemgyýet tarapyndan ykrar edilen kadalar milletimiziň ata-baba dowam etdirilip gelinýän asylly ýörelgesine esaslanýar. Her bir ata-ene öňden ýörelgä öwrülen milli gymmatlyklary çelgi edinip, perzendini jemgyýetçilik ýaşaýşyna ýaramly, ukyply şahsyýet edip ýetişdirmegi bilen bagly jogapkärli wezipäni ýerine ýetirýär. Çagalara mertlik, edeplilik, watansöýüjilik ýaly türkmeniň ganyna siňen belent adamkärçilik sypatlary, ilki bilen, maşgalada öwredilýär. 

Döwlet aladalarynyň her biri ýaş nesilleriň geljegini, maşgalalaryň abadançylygyny, eziz Diýarymyzyň ösüşleriniň täze belentliklerini nazarlaýar. Munuň şeýledigine mähriban enelerimiziň alkyşlaryndan we zenanlaryň buýsanjyndan joşgun alyp, bagtyýarlyk aýdymy bolup ýaňlanýan hüwdülere diň salanymyzda hem aýdyň göz ýetirýäris. 

 

Merjen BORJAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni.