The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň bellenil- ýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, bu mejlisde döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemini jemläris, şeýle hem häzirki talaplardan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy döwürde öňümizde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys.
Gadymy halkymyzyň köp asyrdan bäri durmuşyň wajyp meselelerini halkyň içinden sylanýan, hormatlanýan adamlar bilen maslahatlaşyp, sala salyp çözendigi taryhdan mälimdir. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz öňden dowam edip gelýän bu däpleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy gurluşynyň esasy ýörelgeleriniň birine öwrüp, ony zamana bap talaplar esasynda ösdürýär. Halk Maslahaty döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny, halkymyzyň ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine hem demokratik däplerine üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwletimizde eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak babatda öňe süren başlangyjynyň hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahaty geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaranyň bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülmegi bilen bagly meseleler hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki Karary hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmek, onuň düzümini tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Karary kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanunyny kabul etmek baradaky Karara gol çekmegi uly taryhy waka boldy.
Ýurdumyzyň döwlet gurluşynyň esaslaryny kesgitleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 3-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar. Halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar. Hemme wekilçilikli edaralaryň demokratik esasda saýlawlylygy halk bilen häkimiýetiň özara ynamynyň, jemgyýetiň, döwletiň işini dolandyrmaga gatnaşmak üçin raýatlaryň öz konstitusion hukuklaryny işjeň durmuşa geçirýändiginiň, raýat jemgyýetiniň yzygiderli kämilleşýändiginiň alamatydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygynda 2023-nji ýylyň 18-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde, döwletimiziň şanly Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatyny guramaçylykly geçirmek barada degişli ýolbaşçylaryň öňünde anyk wezipeleri kesgitläp berdi. Şeýle-de «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Karara we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň Düzgünnamasyny hem-de onuň düzümini tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekdi. Karara laýyklykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Bu resminamanyň esasy maksady ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine we asylly ýörelgelerine eýerip, türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga hem-de çözgütleri kabul etmäge jemgyýetimiziň ygtyýarly wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, ähli üstünliklerimiziň we ýeňişlerimiziň girewi bolan agzybirligi, jebisligi has-da berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek wezipelerini çözmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň döwletlilik taglymaty adamzat jemgyýetiniň ösüşinde ýetilen sepgitleri we halkymyzyň taryhyny, milli mirasyny, häzirki zaman tejribesini hasaba almak we olary döwrümiziň nukdaýnazaryndan özleşdirmek esasynda işlenip düzülen ynsanperwer garaýyşlaryň ulgamydyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçirilmegine gönükdirilen resminamanyň kabul edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda özgertmeleriň durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýdyň şöhlelendirýär. Öňden gelýän däplere görä, Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda ählihalk maslahaty geçirilýär. Halk Maslahaty wekilçilikli edara bolup, onuň işi demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýaly mizemez ýörelgelere esaslanýar. Halkyň agzybirliginiň aýdyň ýüze çykmasyna öwrülen bu maslahatda halkyň bagtyýar geljegine gönükdirilen meseleleriň ençemesine garalar. Olara degişli pikir-garaýyşlar, teklipler orta atylar.
Halk Maslahatynyň esasy aýratynlygy, onda jemgyýetiň ähli gatlaklaryndan bolan, dürli ýaşdaky, dürli kärdäki raýatlaryň öz pikir-garaýşyny beýan etmäge mümkinçiliginiň bardygydyr.
Hawa, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine sanlyja gün galdy. Häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekillerini saýlamak, olaryň şahsy we işjeň häsiýetlerini öwrenmek, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işlerde welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk usuly taýdan ýardam bermek boýunça işler alnyp baryldy. Munuň özi möhüm we jogapkärli wezipeleriň biridir. Çünki halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyna il içinde zähmeti, görüm-göreldesi bilen tapawutlanýan, sarpaly adamlar saýlanylmalydyr. Bu işde etrap, şäher, welaýat halk maslahatlaryna, ýurdumyzyň syýasy partiýalaryna, jemgyýetçilik birleşiklerine uly orun degişlidir.
Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesini «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, rowaçlyklara beslenýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasaty täze menzilleri nazarlaýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda il-günümiziň, tutuş adamzadyň bagtyýar durmuş- da ýaşamagy, jemgyýetimiziň dünýä bilen sazlaşykly ösüşini üpjün etmek ugrunda bimöçber işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin.
Orazdurdy ABDYÝEW, Türkmenistanyň
Mejlisiniň deputaty,
mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar
syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.