The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

16.05.2024

BAKY BAGTYŇ NYŞANY

 

Güneşli Diýarymyzda her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni aýratyn dabara we ruhubelentlik ýagdaýynda bellenip geçilýär. 

Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýa döwletiň tutuş hereket edýän kanunçylygynyň esasy binýadydyr. Ol ýokary hukuk güýjüne eýe bolup, döwletiň syýasy we ykdysady ulgamyny berkidýär. Onda Garaşsyz döwletimiziň pugtalandyrylmagy, ata-babalarymyzdan gelýän köpasyrlyk tejribeler, milli däplerimiz, mizemez umumadamzat gymmatlyklary hem-de türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletiniň amal bolmagy baradaky kadalar öz mynasyp ornuny tapýar. Esasy Kanunymyzda diňe bir Garaşsyzlygymyzyň gazananlary berkidilmän, eýsem, jemgyýetimizi mundan beýläk hem ösdürmegiň röwşen ýoly kesgitlenendir. 

Döwre görä kämilleşdirilýän, demokratik ýörelgelere esaslanýan hem-de degişli ugurda iň gowy dünýä tejribesini öz içine alýan Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň we jemgyýetimiziň mundan beýläk-de üstünlikli ösmegini, türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün edýär. Esasy Kanunymyzda adam hukuklaryna we azatlyklaryna uly üns berilýär. Konstitusiýanyň baş aýratynlygy hem onuň agramly böleginiň ynsanyň tebigy we mizemez hukuklarynyň kanun taýdan kepillendirilmeginden ybaratlygydyr. 

Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyny alanyndan soňra, 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda öz Konstitusiýasyny kabul etdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň syýasatynda, ykdysadyýetinde, medeniýetinde hukuk we halkara gatnaşyklaryň emele gelmegi netijesinde, olaryň kanuny we taryhy ähmiýete eýe bolandyklary sebäpli, döwletiň Esasy Kanunyna döwrüň talabyna laýyk gelýän bir näçe üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. 

Konstitusiýamyzyň esasynda kabul edilýän kanunlaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi döwletimiz tarapyndan üns merkezinde saklanylýar. Kanunlaryň berk berjaý edilýän ýerinde bolsa üstünliklere we rowaçlyklara giň ýol açylýar. Kanunlaryň kämilleşdirilmegi, döwrebaplaşdyrylmagy jemgyýetimizdäki durmuş-ykdysady özgertmeler bilen utgaşyp, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine getirýär. Häzirki we geljekki nesillere bagtyýar durmuşy üpjün edýär. 

Her bir milletiň, her bir döwletiň jemgyýetçilik aňyna, ruhuna täsir edýän aýratyn tapawutly alamatlary bolşy ýaly, Döwlet baýdagymyz hem halkymyzyň ruhuny ganatlandyrýan nyşandyr. Mukaddeslik hökmünde köňüllere buýsanç, kalbymyza mähir çaýýan gymmatlyklarymyzyň biri-de biziň ajaýyp Döwlet baýdagymyzdyr. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, asudalygyny, parahatçylyk söýüjiligini we raýatyň öz ýurduna bolan buýsanjyny, halkymyzyň mertebesiniň hemişe belentde bolmagyny kepillendirýär.

Döwlet baýdagy döredilende saýlanyp alnan we ýerleşdirilen şekillerdir reňkler şol halkyň milliligini, aňyýetini, ynanjyny, däp-dessurlaryny aňladýar. Şeýle bolansoň, geçmişde gurlan türkmen döwletleriniň baýdaklarynda ata-babalarymyzyň milli häsiýetlerini aňladýan birnäçe nyşanlar öz ornuny tapyp, häzirki günde-de öz ähmiýetini ýitirmeýär. Döwlet baýdagymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasy tarapyndan goralýandyr. Mukaddes Tugumyz BMG-niň belent binasynyň öňünde dünýä döwletleriniň baýdaklarynyň arasynda hemişe buýsançly parlap durandyr. 

Türkmenistanyň Zähmet kodeksine girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, 2018-nji ýyldan başlap, her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni utgaşykly bellenip geçilýär. Bu goşa mukaddesligiň baýramynyň bilelikde bellenilmegi tüýs jüpüne düşüp, döwletlilikden we bagtyýarlykdan nyşandyr. 

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde al-asmanda parlaýan mukaddes Tugumyzyň astynda hemişe parahatçylygyň, agzybirligiň, bagtyýarlygyň mukamlary ýaňlansyn! 

Ata Watanymyzyň ösüşlerini pugtalandyrmak üçin nusgalyk işleri amala aşyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlary mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin! 

 

Jeren GYLYÇMYRADOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.