The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

16.05.2024

EDEBIÝATYŇ PARLAK ÝYLDYZY

 

Gymmatly edebi mirasy bilen edebiýatymyzyň parlak ýyldyzyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlyklary baradaky pikir-garaýyşlary diňe bir türkmeniň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem kalbyna ýakyndyr we düşnüklidir. Ol dünýä, adamzat, Watan, söýgi baradaky pelsepewi garaýyşlaryny adama mahsus inçe duýgular bilen pikir ýöretmegiň iň kämil tärlerinden ussatlarça peýdalanyp, ynsan kalbyna inçelik bilen ýetiripdir we halk hakydasynda ömürlik orun alypdyr. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň diňe ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş dünýä ýüzünde hormat-sarpasy, nusgawy şahyrymyzyň edebi mirasyna gyzyklanma has-da artýar. Munuň şeýledigini golaýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň medeniýet ulgamyna degişli edaralaryň öňünde durýan wezipeler barada aýdyp, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde giň gerimde geçirilýändigini bellemegi, şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen döredijilik çärelerini has ýokary derejede guramaga degişli taýýarlyk işlerini alyp barmagy tabşyrmagy doly tassyklaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň maý aýynda geçiriljek köp sanly dabaralaryň, halkara çäreleriň hatarynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat uly ähmiýete eýe bolar. 

Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda: 

Köpetdagyň eteginde galdy bu gün ör boýuna, 

Onuň Aly jenaby Magtymguly Pyragy — 

 

diýip belläp geçmegi Milli Liderimiziň dana şahyrymyzyň edebi mirasyna aýratyn hormat goýýandygyna şaýatlyk edýär. 

Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk toý-dabaralarynyň giň gerime eýe bolýan günlerinde Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde şahyryň ýadygärliginiň dabaraly açylýandygy halkymyzyň göwnüni ganatlandyrýar. 

«Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hem şu ýylda kabul edilmegi aýratyn mana eýedir. Bilşimiz ýaly, bu medalyň döredilmeginiň esasy maksady Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasyny öwrenmekde, ony aýawly saklamakda we wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren raýatlary sylaglamak bolup durýar. 

Beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek giň gerimli dabaraly çäreler dana Pyragynyň asyrlar geçse-de gymmatyny ýitirmeýän edebi mirasyna belent sarpanyň dabaralanmasy bolar. 

 

Enejan AMANÝAZOWA, 

Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dilini çuňlaşdyryp 

öwredýän ýöriteleşdirilen 39-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty