The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

16.05.2024

KÄMIL TERBIÝE MEKDEBI

 

Islendik döwletiň hem-de jemgyýetiň okgunly ösüşini gazanmakda maddy we ruhy gymmatlyklaryň sazlaşygy ilkinji zerurlyklaryň biri bolup durýar. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä derejeli dabaralara beslenmegi bu mizemez hakykaty ýene bir ýola aýdyň görkezýär. Akyldar şahyrymyzyň döredijiligine bolan şunuň ýaly ählumumy gyzyklanmalar ylmyň we tehnikanyň okgunly ösýän häzirki döwründe jemgyýetiň ahlak sagdynlygyny berkitmegiň umumadamzat üçin hem naýbaşy wezipe bolup durýanlygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sebäbi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ajaýyp kitabynda örän ýerlikli belläp geçişi ýaly, «Magtymgulynyň şygyrlarynyň döwürler dolanyp, heňňamlar öwrülse-de, öz gymmatyny ýitirmän, eýsem gadyrynyň artmagy ondaky öwüt-ündewleriň kalbyňa melhem bolup siňýänligindendir, göwünleri ganatlandyrmagyndandyr, adamlary heýjana getirmegindendir». 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Watanyň daýanjyna deňelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde paýhas ýüki ýetik şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşyna öwrülen beýik Pyragynyň gymmatly edebi mirasynyň bahasy ýokdur. Bu barada Gahryman Arkadagymyz ady agzalan kitabynda şeýle ýazýar: «Mähriban türkmen topragymyzyň hakyky watançysy, joşgunly we şirin zybanly Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanlary nesillerde watansöýüjiligi, ynsanperwerligi terbiýelemekde gymmatly ruhy çeşmedir». 

Beýik söz ussadynyň adyny hormat bilen göterýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy berkarar Diýarymyzyň egsilmez kuwwaty, röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmeginde döredilýän şert-mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmakda ähli tagallalary edýär. Şeýle jogapkärli işde umumadamzat şahyry hökmünde ykrar edilen Magtymguly atamyzyň edebi mirasynyň ýol görkeziji, edep mekdebi bolup gelýändigi guwandyryjydyr. Bu kämil mekdebiň terbiýesini alan bagtyýar ýaşlarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nurana ýolundan bedew bady bilen öňe barýan eziz Watanymyzyň köpugurly ösüşine, üstünlikli amala aşyrylýan ägirt uly taryhy taslamalara mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bosagasynda öz halkyna peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby şeýle buýsançly hakykaty jümle-jahana ýaýdy. 

Umumadamzat ösüşine önjeýli goşant goşan türkmen halkynyň ruhy-medeni gymmatlyklaryny nusgalyk ösüşlerimiziň binýadynda goýan Milli Liderimize hem-de peder ýoluny üstünliklere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz dillerimizde dessandyr. 

 

Guwanç Çen­dirow, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

 guramasynyň welaýat geňeşiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty