The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

22.09.2023

Arkadag şäheri — bagtyýar ýaşlaryň mekany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik gurluşygy bolan Arkadag şäheri ýurdumyzyň täze döwrüniň şamçyragydyr. Täze şäheriň «Arkadag» diýlip atlandyrylmagy il-günümiziň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza bolan belent söýgüsiniň dabaralanmasydyr. Şöhratly taryhy müňýyllyklara uzaýan türkmen halky gurmak, döretmek babatda dünýä özüni tanadan halkdyr. 

Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşynyň owazasy dünýä doldy. Hormatly Prezidentimiz bu barada: «Köpetdagyň gözel künjeginde ak binalary lowurdap duran şäheriň peýda bolmagy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynyň gudratydyr» diýip belleýär. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli şähergurluşyk taslamasy esasynda döredilen döwlet ähmiýetli Arkadag şäheri halkymyzyň kalplarynda buýsanç duýgularyny döredýär. Şeýle şatlykly günlerde Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň halk köpçüligine ýetirilmegi her birimiziň şatlygymyza şatlyk goşup, halkymyz üçin toý sowgadyna öwrüldi. 

Milli kanunçylygymyzyň esasy bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy adamdyr» diýlip bellenilmeginiň subutnamasyny, raýatlarymyz hakyndaky aladany bu şäherde döredilen oňaýly şertlerde hem görmek bolýar. Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýy 2023-nji ýylyň mart aýynda kabul edilen «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda kesgitlenilýär. Bu Kanunyň 1-nji maddasynda: «Arkadag şäheri üçin döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bellenilýär» diýilýär. 4 bapdan we 13 maddadan ybarat bolan bu Kanunda şäheriň çäginiň, ilatynyň, eýeçiliginiň, döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň, kazyýet häkimiýetiniň hukuk ýagdaýy kesgitlenilýär. 

Şu ýylyň 16-njy iýunynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda täze şäheriň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilendigini hem belläp geçsek, ýerlikli bolar. Arkadag şäheri tutuşlygyna «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen, daş-töweregi ýaşyl zolaklara bürelen, energiýany tygşytlaýan enjamlar bilen üpjün edilen desgalardyr binalar, ekologiýa talaplar esasynda gurulýan «ýaşyl» şäherdir. Şäheriň ýol-ulag düzüminde ekologik taýdan arassa jemgyýetçilik ulaglary bolan elektrobuslar we elektrotaksiler hereket edýär. 

Arkadag şäheri öz tehniki we tehnologik häsiýeti boýunça tapawutlanýan, täze ölçeglere esaslanýan «akylly» şäheriň kämil nusgasydyr. Arkadag şäherinde döredilen ýaşyl zolaklar, ekilen baglar bu şäheriň görküne görk, gözelligine gözellik goşýar. Şäherde medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalardyr desgalar bilen birlikde, medeni-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegi, owadan suw çüwdürimleriniň gurulmagy bu ýerde dynç almak üçin döredilen şertleriň biridir. Munuň özi täze şäheriň gurluşygynda ekologiýa talaplarynyň berk berjaý edilendiginiň, adamlaryň bagtyýar we uzak ömür sürmegi üçin arassa howa gurşawynyň döredilendiginiň mysalydyr. Arkadag şäheriniň gurluşyk taslamasynda göz öňünde tutulan özgertmeler — oňaýly ýaşaýyş şertleri, energiýa serişdeleriniň kadaly üpjünçiligi, häzirki zaman infrastrukturasy, IT ulgam, ulag, saglygy goraýyş, bilim ulgamy ýaly «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan desgalaryň möhüm pudaklarynyň arabaglanyşygyny üpjün edýär. Arkadag şäheriniň «akylly» şäherleriň hatarynda mynasyp orun aljakdygyna şek-şübhe ýok. 

Ýaşlar üçin şeýle ajaýyp şäheri gurduryp beren hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir. 

 

Nepes ROZYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar 

syýasaty baradaky komitetiniň agzasy