The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Ýaşlar — Watanyň kuwwaty, ömürleriň dowamaty. Şonuň üçin hem biziň ýurdumyzda ýaşlar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Dowamata dowam saýylýan ýaşlar hakyndaky aladalaryň gurşawy biziň buýsançly başymyzy göge ýetirýär. Kalbymyzda aýratyn buýsanç duýgusyny döreden wakalaryň, täzelikleriň biri-de «Arkadagly ýaşlar» elektron žurnalynyň döredilmegidir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döredilen elektron žurnalda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekýän we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň çykyşlary türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilýär. Bu žurnal kalbynda Watana bolan mizemez söýgüsini apalap ýaşaýan ýaşlarymyzyň şygryýete we sungata, döredijilige we ylma höwesekleriniň ukyp-başarnyklarynyň giňden açylmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Biziň «Arkadagly ýaşlar» atly elektron žurnaly döredip beren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygymyz çäksizdir.
Guwanç ÇENDIROW,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.