The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

22.05.2024

DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY

 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýy­lyn­da Türkmenis­ta­nyň­ Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň­ ka­bul edil­me­gi­ne­ we­ Döw­let­ baýdagy­my­zyň ­dö­re­dil­me­gine 32­ ýyl­ dol­ýar.­ Mäh­ri­ban­ Wa­ta­ny­myz­da hor­mat­ly Prezidentimi­ziň ­pa­ra­sat­ly­ baş­tu­tan­ly­gyn­da­ ama­la aşy­ryl­ýan oňyn­ öz­gert­me­ler ­ýur­du­my­zyň ­aý­dyň gelje­gi­ni ­üp­jün­ et­mek­de ­berk binýat­ bo­lup­ dur­ýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4­-nji maddasynda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilip, Gahryman Arkadagymyzyň: «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer şygarlary astynda durmuş-ykdysady ösüşiň ugurlary boýunça ýurdumyzda milli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. 

Esasy Kanunymyz döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny dabaralandyrmaga, halkymyzyň durmuş hal-­ýagdaýyny, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga, jemgyýetiň jebisligini pugtalandyrmaga giň şertleri döredýär. Ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen beýik tutumlar, durmuş­-ykdysady özgertmeler kämil kanunçylyk binýadyna esaslanýar. 

Türkmenistan döwletimiz umumadamzat gymmatlyklary, adamyň we raýatyň tebigy hem­-de mizemez hukuklary, milli däp-­dessurlarymyz, ata-­babalarymyzyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda kemala getiren urp-adatlary, ula hormat goýmak, kiçini sylamak, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, geçirimlilik, kanagatlylyk, myhmansöýerlik ýaly ýörelgeleri täze röwşe eýe bolýar. 

Türkmenistanyň Konstitusiýasy demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakda emele gelýän jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar, şunda baş gymmatlyk adam bolup durýar. Konstitusiýa türkmen döwletiniň milli ýörelgelerini — Garaşsyzlygy we Bitaraplygy, parahatçylygy, raýat ylalaşygyny, demokratiýany, kanunlaryň ileri tutulmagyny özünde jemläp, jemgyýetimiziň durmuş-­ykdysady ösüşini kesgitleýär.

Döwletimiziň umumy ykrar edilen demokratik kadalara esaslanýan kanunçylyk hukuk binýadynyň berkligi halkyň öz Döwlet tuguna söýgüsi, hormaty we buýsanjy bilen baglanyşykly. Baýdak we Konstitusiýa her bir döwletiň garaşsyzlygyny we berkararlygyny alamatlandyrýan mukaddesliklerdir. Kanuny kämil jemgyýet berk hem­de döwrüň talabyna görä ösmäge, özgermäge ukyply bolýar. Hormatly Prezidentimiziň her bir tutumly işleriniň binýadynda halkyň aladasynyň, nesilleriň bagtyýarlygynyň, maşgala berkliginiň mynasyp orun eýelemegi il agzybirligini, ýurt asudalygyny üpjün edýär. Her ýylyň 18­nji maýynda eziz Diýarymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde bellenilmegi iki mukaddeslige goýulýan çuňňur hormat-­sarpadan nyşan. Munuň özi halkymyzyň milli gymmatlyklarymyza jany­ teni bilen ygrarlydygynyň subutnamasy. 

«Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-­nji maddasynda: «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Türkmenistanyň halkynyň agzybirliginiň we Garaşsyzlygynyň hem­-de döwlet Bitaraplygynyň nyşanydyr» diýlip bellenilýär. Ýaşaýşyň ýaşyl reňkini özüne siňdiren, asuda asmanda pasyrdap, rowaç ýollarymyza şugla saçýan ýaşyl Tugumyz türkmeniň arzuw­-islegini, maksat­-myradyny, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgesini äleme buşlaýan beýik mukaddeslikdir. Asudalygyň, birek­-birege ynanyşmagyň eýýamynda türkmeniň ýaşyl Tugy dünýäniň çar künjeginde erkana pasyrdaýar. Garaşsyzlyk bagty mähriban halkymyzyň ýagty ertiriniň sarsmaz ynamy, ygrary, berkarar döwletimiziň abraý-­mertebesi bolup nur saçýar. 

Esasy Kanunymyzyň 9­-njy maddasynda berkidilen ýurdumyzyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýändigi hakyndaky kadanyň Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň ulgamyna goşulmagy hem­-de ähli döwletler bilen deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegi üçin zerur hukuk şertlerini döredýändigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanyň Mejlisi dünýä döwletleriniň parlamentleri hem­-de abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny yzygiderli berkitmelidir» diýip belleýär. Şu jähetden ugur alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly daşary syýasy başlangyçlaryndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, ýurtda amala aşyrylýan özgertmeleriň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen, hereket edýän Kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi, şeýle hem Türkmenistanyň goşulyşan halkara resminamalaryny we döwletara ylalaşyklaryny tassyklamak boýunça «Söwda­-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Ýewropa—Kawkaz—Aziýa halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda Esasy köptaraplaýyn ylalaşyga goşulmak hakynda», «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. 

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz, berk binýatly kanunymyz barka eziz Diýarymyzyň ösüşlerine, aýdyň ertirlerine guwanyp ýaşamak il­-ulsumyza ylahy bagyş edilen döwletlilikdir. Bu elýetmez bagta eýe bolan halkymyzyň eziz Watanymyza, hormatly Prezidentimize, halal zähmete söýgi-­sarpalary gün­-günden artýar. Öňdengörüjilikli, oýlanyşykly syýasaty hem-­de «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymaty bilen adam hakyndaky aladanyň belent nusgasyny döreden Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza milli parlamentimiziň işini kämilleşdirmek üçin döredýän giň mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il­-ýurt bähbitli, sebit we dünýä ähmiýetli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

 

ENEJAN ATAÝEWA, 

Türk­me­nis­ta­nyň­ Mej­li­si­niň ­deputaty,­ Hal­ka­ra ­we ­

par­la­men­ta­ra aragatnaşyklar­ ba­ra­da­ky ko­mi­te­tiň­ ag­za­sy