The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde paýtagtymyz Aşgabadyň keşbi günbe-günden özgerýär, gözelligi barha artýar. Parahatçylygyň, dost-doganlygyň merkezi hökmünde tanalýan Aşgabat Aziýanyň merjen şäherine öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ak mermerli paýtagtymyzyň görenleri haýrana goýýan ençeme binalarynyň we desgalarynyň binagärligiň naýbaşy eserleri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi, dünýäniň täsinlikleriniň hatarynda mynasyp orun almagy bizi aýratyn buýsandyrýar.
Geçen ýyl Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi paýtagtymyzyň gözelliklerini, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen ajaýyp binalaryny, oňaýly ýaşamak, medeniýetli dynç almak babatda özboluşly mümkinçiliklerini dünýä jemgyýetçiligine giňden açyp görkezmekde nobatdaky möhüm ädim boldy. Gözümiziň alnynda zamananyň iň ajaýyp şäherleriniň birine öwrülen paýtagtymyzyň özgerýän keşbi ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär. Aşgabadyň şähergurluşyk taýdan ösüşiniň onuň ykdysady görkezijilerini, maýa goýum ýagdaýyny we işewürlik gurşawyny äşgär edýändigini bellemek has-da buýsançlydyr. Häzirki döwürde gurluşyk tehnologiýalary ulgamynda dünýäde bar bolan täze tejribeleriň paýtagtymyzda gurulýan desgalarda öz beýanyny tapýandygy şäheriň özboluşly aýratynlygydyr.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. Paýtagtymyzda halkara maslahatlaryň, forumlaryň, festiwallaryň, sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilmegi onuň halkara hyzmatdaşlyk merkezi, dost-doganlygyň mekany hökmündäki derejesini has-da pugtalandyrýar.
Binagärlik sungatynyň kämil keşbini, döwrüň soňky gazananlaryny, halkymyzyň milli özboluşlyklaryny özünde jemleýän paýtagtymyza Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähir-söýgüsi, yhlasy hem-de paýhasy siňendir. Ak mermere beslenen şäheriň gujagynda halkymyzyň bagtyýarlygy, abadan, rahat ýaşaýşy bar. Häzirki döwürde Aşgabadyň ähli künjekleriniň sazlaşykly ösdürilmegi, paýtagtymyzyň ilaty üçin oňaýly şertleri döretmek bilen bir hatarda, ýokary derejeli dynç alşyň ýola goýulmagy, bu künjegiň syýahatçylyk mümkinçiliginiň giňeldilmegi babatdaky aladalar oňyn netijelerini berýär. Paýtagtymyzda dürli maksatly binalaryň, ýagny adamlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek üçin ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, seýilgäh zolaklarynyň we beýleki düzümleriň gurluşyklary bilen bir hatarda, şäheriň ýol-ulag düzüminiň desgalarynyň gurluşygy, olaryň abadanlaşdyrylmagy hem giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçiriljek medeni çäreler, şol sanda her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi paýtagtymyzyň okgunly ösüşini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.
Gaýtalanmajak gözelligi bilen binagärlik sungatyna öwrülen paýtagtymyz Aşgabadyň şan-şöhratyny dünýäde dabaralandyrmakda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
Annabagt Maýewa,
welaýat Baş bilim müdirliginiň esasy hünärmeni,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.