The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmakda giň möçberli işler üstünlikli dowam etdirilýär. Bu möhüm wezipe toplumlaýyn maksatnama laýyklykda alnyp barylýar. Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatynda-da döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynda hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça işlenip taýýarlanan birnäçe wajyp kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna garaldy we kabul edildi. Şu maslahatyň gün tertibinde kesgitlenilişi ýaly, deputatlar energiýanyň tygşytlanylmagyny höweslendirmegiň we energiýadan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Munuň özi gürrüňi edilýän mesele boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde we ykdysadyýetimizi ösdürmekde täze mümkinçilikleri açar. Şeýle hem bu maslahatda “Gidrometeorologiýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garaldy we bu babatda netijeli pikir alyşmalar boldy. Şonuň ýaly-da maslahatyň barşynda birnäçe kanunlaryň taslamalaryna garaldy. Bulardan başga-da, bu maslahatyň gün tertibinde “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda” we başga-da birnäçe kanunçylyk namalarynyň taslamalaryna garaldy. Milli parlamentimiziň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.
Çary GURBANMYRADOW.
Mary etrap hassahanasynyň 2-nji çagalar bölüminiň
müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.