The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Hormatly Prezidentimiziň durmuş syýasatynda halkymyzyň saglygy döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy hökmünde kesgitlenendir. Sebäbi jemgyýet sagdyn bolanda, döwlet hem gülläp ösýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, adam saglygyna zyýanly endiklere garşy göreşmek babatda kabul edilýän kanunlar adam hakyndaky aladadan ugur alýar. Döwrebap kanunlar alkogolyň, çilimiň we beýleki ýaramaz närseleriň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitlemek bilen, jemgyýete sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmaga, raýatlaryň saglygyny goramaga, nesillerimiziň sagdyn ösüp ulalmagyna gönükdirilendir.
«Bedenterbiýe we sport hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi döwletimiziň halkyň saglygy hakynda edýän aladasynyň subutnamasydyr.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda sporty ösdürmäge hem uly üns berilýär. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we ony wagyz ediji, şeýle hem bu ugurda ildeşlerimize, ilkinji nobatda, ýaşlara şahsy görelde görkezýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz adam we onuň saglygy, abadançylygy babatyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Türkmenistan sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni we sporty ýakyn hem-de uzak möhletli geljek üçin ösdürmäge we wagyz etmäge gönükdirilen üstünlikli ädimler boýunça beýleki döwletlere görelde bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi esasynda milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin täze belent maksatlar we wezipeler goýulýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» esasynda, Aşgabatda we welaýatlarda häzirki zaman ylmy-kliniki merkezler, şypahanalar, döwrebap derman kärhanalary, saglyk öýleri gurulýar. «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýanyň, Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça Milli maksatnamanyň, Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň, Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň kabul edilmegi bilen, saglygy goraýyş ulgamynyň işi has-da kämilleşdirildi. Halkymyzyň saglygyny goramakda, ýokanç keselleriň öňüni almakda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň uly ähmiýete eýedigi bellenilmäge mynasypdyr. Olarda türkmen tebigatynda bitýän ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri barada giňişleýin maglumatlar berilýär.
Halkymyzyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!
Arazmyrat HANGELDIÝEW,
Daşoguz şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň
ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.