The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

10.06.2024

TÄZE DESGALAR — ÖSÜŞIŇ MÖHÜM UGRY

 

«Pähim­-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni täzeliklere, hoş habarlara beslenýär. Şeýle hoş habarlaryň biri hem ýakynda ýaýbaňlandyrylan Daşoguz welaýatyndaky dabaralardyr. Has takygy, Daşoguz welaýatynda ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ulanmaga berlen täze desga ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň ösüşlere beslenýändigini aýdyň beýan etdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halk bähbitli beýik işleriniň aýdyň beýanydyr. Şeýle hem bu ägirt uly desga ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarydygyny, ösüşlere beslenýändigini alamatlandyrýar. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe elektroenergetika pudagynyň maddy-­tehniki binýady düýpgöter döwrebaplaşýar, täze mümkinçiliklere eýe bolýar. Munuň özi pudagyň işiniň has­-da rowaçlanýandygynyň, üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. Bu energetika pudagyny ösdürmekde we bir halka düzmekde möhüm ädimdir. Şeýle hem munuň özi diňe bir içerki sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini hem yzygiderli artdyrmaga, ugurlaryny giňeltmäge mümkinçilik berýän ygtybarly energetika ulgamyny döretmäge gönükdirilen işler bolup durýar. 

Bedew bady bilen ösüşleriň aýdyň ýolundan barha öňe barýan eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen durmuş­-ykdysady maksatly gurluşyklar giň gerime eýe bolýar. Bitewi halkalaýyn energoulgamyň döredilmeginde möhüm bolan täze desganyň ulanmaga berilmegi hem ýurdumyzyň ösüşini, energetika ulgamynyň döwrebaplygyny beýan edýär. Şonuň üçin hem bu desga milli ykdysadyýetimiziň berk binýadynyň bardygyny we giň mümkinçilige eýedigini alamatlandyrýar. Bu desganyň döwrebap mümkinçiliklerini, iň täze enjamlaryny mynasyp bolan halkara güwänamalary hem doly tassyklaýar. Daşoguz welaýatyndaky bu uly dabarada halkara güwänamalaryň gowşurylmagy energetika diplomatiýasynyň has­-da rowaçlanýandygyny alamatlandyrdy. 

Daşoguz welaýatynda taryhy waka bolan dabarada awtobuslaryň sowgat berilmegi, şeýle hem 4 gatly täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi çuňňur many­-mazmuna eýe boldy. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmakda beýik işleriň durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrdy. Çünki halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek, ýaşaýyş­-durmuş şertlerini we hilini yzygiderli gowulandyrmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitlenendir. 

Ýurdumyzy ösüşlerden­-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň 

Durmuş syýasaty baradaky 

komitetiniň baş hünärmeni.