The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

14.06.2024

BEÝIKLIGE SARPA

 

Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň kanun esasynda berkidilmegi ony geljekki nesillere ýetirmegiň ygtybarly kepilidir

 

Ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, medeniýet ulgamyny ösdürmek we onuň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 15-nji maddasynda: «Döwlet milli taryhy, medeni we tebigy mirasyň, daşky gurşawyň abat saklanmagy, sosial we milli umumylyklaryň arasyndaky deňligiň üpjün edilmegi üçin jogapkärdir» diýlip beýan edilýär. Ýurdumyzda bu ulgama degişli Esasy Kanunymyzyň ýörelgelerinden ugur alýan birnäçe kanunlarymyz hereket edýär. Ýagny, «Medeniýet hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda», «Muzeýler we muzeý işi hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda», «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda», «Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda», «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda», «Teatr we teatr işi hakynda», «Kinematografiýa hakynda» ýaly Türkmenistanyň Kanunlary bolup, olar döwre görä yzygiderli kämilleşdirilýär

Türkmen medeniýetini dünýä ýaýan Magtymguly Pyragynyň adyny ebedileşdirmek, onuň şan-şöhratyny arşa götermek we geljekki nesillere miras galdyrmak maksady bilen, şu ýylda birnäçe kanun kabul edildi. Has takygy, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda eden taryhy çykyşynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek, onuň baý we gymmatly edebi mirasyny şöhratlandyrmak hem-de nesilden-nesle geçirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň maksadalaýyk boljakdygy hakynda belledi we şu ýylyň fewral aýynda «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Kanuna gol çekdi. Döwrebap başlangyçlardan ugur alnyp, şu ýylyň 22-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz hem Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny kanun esasynda berkidip, ebedileşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygy hakynda belläp, Mejlisiň deputatlaryna anyk tabşyryklary berdi. Anyk wezipelerden ugur alnyp, Türkmenistanyň Mejlisinde «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen iş topary döredildi. Topara Mejlisiň deputatlary, döwrebap teklipleri öňe sürýän tejribeli hünärmenler, bilermenler, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar hem-de gelip gowuşýan teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu bolsa ýurdumyzda demokratiýanyň, raýat jemgyýetiniň has-da pugtalandyrylýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär. 

Şeýlelik-de, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 7-nji iýunynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy ýörelgeleri we milli ýol-ýörelgeler esasynda taýýarlanylan «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Bu Kanun Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly saklamak, goramak, öwrenmek, wagyz etmek ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň hukuk esaslaryny belleýär hem-de şu babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Kanunyň talaplaryna laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy milli medeni gymmatlyk hökmünde döwletiň we türkmen halkynyň ruhy hazynasy diýlip ykrar edilýär. Kanunda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy döwlet tarapyndan goralýandygy, onuň medeni mirasyna zyýan ýetirilmegine, at-abraýynyň we mertebesiniň kemsidilmegine ýol berilmeýändigi, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamaga, ylmy taýdan barlamaga, aýawly saklamaga, goramaga, öwrenmäge we wagyz etmäge aýratyn goşant goşan fiziki we ýuridik şahslaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde höweslendirilýändigi, şol sanda döwlet sylaglary bilen sylaglanylýandygy baradaky kadalar beýan edilen. 

Kanunyň talaplaryna laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyna onuň ady, keşbi, şekili, monumental heýkelleri, ömri we döredijiligi baradaky maglumatlar, Magtymguly Pyragynyň nebereleri hem-de şahyrlar, alymlar, bagşylar tarapyndan onuň şygyrlarynyň asyl golýazmalaryndan nusgasy alnan eserleriniň ýygyndysy, Magtymguly Pyragynyň nesil şejeresine degişli resminamalar we maglumatlar, neşir edilen goşgulary we beýleki edebi eserleri, beýik akyldaryň ömri, döredijiligi baradaky fiziki we ýuridik şahslaryň arhiwlerinde hem-de gaznalarynda saklanylýan resminamalar degişlidir. Şeýle-de şahyryň medeni mirasyna kino, wideo, fono, foto resminamalaryň, poçta markalarydyr çeperçilik-sungat eserleriniň, golýazmalar we beýleki materiallaryň, Magtymguly Pyragynyň ömür we döredijilik hakykatyna bagyşlanan kitaplaryň, ylmy işlerdir makalalaryň, çap önümleriniň, pýesalaryň, kinossenarilerdir filmleriň, spektakllaryň, wideoşekilleriň, teleradiogepleşikleriň, şeýle hem kompozitorlaryň, bagşy-sazandalaryň we çeper halk döredijilik eserleriniň hem-de beýleki eserleriň degişlidigi beýan edilýär. 

«Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň esasy maksady şahyr hakynda taryhy hakydanyň dowamatlylygyny we onuň medeni mirasynyň aýawly saklanylmagyny üpjün etmekden, halk arasynda saklanylýan golýazmalary we beýleki ýazuw ýadygärlikleri toplamak, rejelemek boýunça çäreleri işläp düzmekden, şeýle hem alymlaryň şol golýazmalar babatda iş alyp barmaklary üçin zerur şertleri döretmekden ybaratdyr. Şeýle-de bu Kanun Magtymguly Pyragynyň baý medeni mirasynyň ählitaraplaýyn ylmy barlaglarynyň geçirilmegi, öwrenilmegi we wagyz edilmegi üçin şertleri döretmek boýunça işi hil babatda täze derejä çykarmak, ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmekde akyldaryň pähim-paýhas hazynasyndan peýdalanmak, onuň medeni mirasyny dünýä ýaýmak işleriniň hukuk binýadydyr. Galyber se-de, Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny neşir etmek, terjime etmek we ylmy düşündirişler bilen üpjün etmek arkaly bilim-terbiýeçilik işine ornaşdyrmak hem-de ylmy dolanyşyga girizmek we beýik şahyryň ömri we döredijiligi bilen bagly maglumatlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we jemgyýetçiligiň öňündäki çykyşlarda dogry beýan etmek işleri hem şu Kanun esasynda düzgünleşdirilendir. 

«Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen türkmeniň milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda, şahyryň edebi döredijiligini nesilden-nesle geçirmekde möhüm ähmiýete eýe bolar. 

Türkmen halkyny aýdyň ertirlere tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin. 

 

Çemen AKYÝEWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Adam hukuklaryny we azatlyklaryny 

goramak baradaky komitetiniň agzasy