The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

26.06.2024

MAGTYMGULYNYŇ MEDENI MIRASY — HALKYMYZYŇ RUHY HAZYNASY

 

Söz ussady, şygryýet äleminiň şasy Magtymguly Pyragy diňe türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň taryhynda-da uly yz galdyran akyldarlaryň biridir. Türkmen halky üç asyrdan bäri Magtymguly Pyragyny özüniň ruhy goldawçysy, görelde mekdebi, watansöýüjiligiň belent nusgasy hasap edip gelýär. Ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerimizden başlap, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny dikeltmek, onuň eserlerini öwrenmek, çap etmek bilen, şahyryň dünýä edebiýatyna goşan goşandyny aýan etmek ugrunda bimöçber tagallalar edilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, 2014-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy dabaraly bellenilip geçildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde bellemek bellenildi. 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden bäri Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň baý edebi mirasyny öwrenmek, wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň 17-nji maýynda açylyp ulanylmaga berlen, Köpetdagyň dag eteginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna ajaýyp sowgat boldy. 

Ýurdumyzda beýik şahyryň hormatyna «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Kanunlar kabul edildi. Golaýda, has takygy, şu ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çekmegi bilen, «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu bolsa ýokarda bellenilip geçilen hukuk namalarynyň üstüni ýetirmek bilen, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň türkmen halky tarapyndan goralýan we aýawly saklanylýan ähli medeni miraslaryň arasynda ornunyň örän ýokarydygyna şaýatlyk edýär. 

«Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly saklamak, goramak, öwrenmek, wagyz etmek ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň hukuk esaslaryny bellemek bilen, bu babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Kanun 4 bapdan we 18 maddadan ybarat bolup, onda Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda amala aşyrýan döwlet syýasatynyň Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly saklamak, goramak, öwrenmek, wagyz etmek boýunça işleriň guralmagy üçin esas bolup durýandygy nygtalýar. Kanunyň 1-nji maddasynda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň milli medeni gymmatlyk hökmünde döwletiň we türkmen halkynyň ruhy hazynasy diýlip ykrar edilýändigi beýan edilýär. Mundan başga-da, Kanunda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň döwlet tarapyndan goralýandygy hem-de Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyna zyýan ýetirilmegine, onuň at-abraýynyň we mertebesiniň kemsidilmegine ýol berilmeýändigi barada anyk kadalar kesgitlenilýär. 

Kanunyň «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň döwlet goragy» atly babynda Magtymguly Pyragynyň adynyň döwlet obýektlerine, geografik hem-de gaýry obýektlere dakylmagynyň, şonuň ýaly-da, onuň adynyň we şekiliniň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ulanmagyň düzgünleri beýan edilýär. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň adynyň we şekiliniň döwlete dahylsyz ýuridik şahslaryň atlarynda, resmi blanklarynda, şeýle hem haryt nyşanlarynda, mahabatlarda, çap önümlerinde, Türkmenistanda geçirilýän sergilerde we ýarmarkalarda eksponatlar görkezilende hem-de internet ulgamynda degişli rugsatsyz ulanylmagyna ýol berilmeýändigi barada nygtalýar. Bellenilip geçilen kadalar Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyna degişli bolan ähli obýektleriň döwlet tarapyndan goralýandygy, onuň at-abraýynyň goralmagyny amala aşyrmak her bir türkmenistanly üçin, şol sanda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hemde ähli raýatlaryň belent borjy hökmünde ýüze çykýar. 

«Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyna goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Bu kanun şahyryň watançylyk, edep-terbiýe, ruhy-ahlak, agzybirlik, jebislik baradaky wesýetleriniň geljek nesiller üçin hemmetaraplaýyn ýörelge hökmünde ykrar edilmeginde we bu işleriň giň halk köpçüligi tarapyndan wagyz edilmeginde möhüm hukuk binýady bolup durýar. 

 

Gurbangeldi AŞYROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.