The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

23.09.2023

GARAŞSYZLYK BILEN GALKYNÝAR WATAN

Ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da ösüş­le­riň be­lent sepgitle­ri­ne ta­rap ynam­ly öňe bar­ýar. Ýur­du­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ni we hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny üp­jün et­mek ug­runda öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler we gel­je­gi na­zar­la­ýan mak­sat­la­ry­myz bol­sa has-da ulu­dyr. Baş baý­ra­my­my­zyň – mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gymy­zyň 32 ýyl­lyk to­ýu­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­jek Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslaha­ty­nyň mej­li­si hem ge­çen dö­wür­de ga­za­nan üs­tün­likle­ri­mi­ze ba­ha ber­mek­de hem-de be­ýik gel­je­ge uza­ýan ýo­lu­myz­da­ky tä­ze maksat­la­ry­my­zy kes­git­le­mek­de örän uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dowam etdirilýän döwlet syýasatymyzda ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni taýdan kuwwatlanmagy, halkymyzyň eşretli, asuda, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Bu üstünlikler Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan çuňňur oýlanyşykly özgertmeleriň ajaýyp miweleridir. 

Ýurdumyzyň özbaşdak ösüş ýolunda geçen taryhy menzilinde sport ulgamynda uly üstünlikler gazanylyp, jemgyýetimizde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi rowaçlandy. Bu ulgamyň kanunçylyk binýady berkidilip, iri möçberli häzirki zaman sport düzümlerini döretmek üçin uly maýa goýumlary özleşdirildi. Şonuň netijesinde ýurdumyzda ösen sport ulgamy kemala gelip, türgenlerimiz halkara arenasynda, yzygiderli ýeňişleri gazanmagy başarýarlar. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen iri halkara ýaryşlary, dünýä çempionatlary dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmaga, jemgyýetimize bedenterbiýäni we sporty, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmaga, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny belende götermäge ýardam etdi. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň hem-de «Amul – Hazar» halkara awtorallisiniň üstünlikli geçirilmegi bilen, türkmen sportunyň taryhyny bezeýän şanly sahypalar ýazyldy. Ýurdumyzda şu ýyl geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionaty hem-de geljek ýyl guraljak Sambo boýunça dünýä birinjiligi Garaşsyz Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da artmagyny şertlendirer. 

Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri esasynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýaşlara bilim bermegiň, hünärmenleri taýýarlamagyň täze usullaryny ornaşdyrmak, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň ösüşini ilerletmek, dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly möhüm ugurlarda öňde durýan derwaýys wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. 

Pederlerimiziň asyrlarboýy arzuwlan ýurt Garaşsyzlygymyzyň baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul ediljek çözgütlerdir kararlar halkymyzyň şu günki we geljekki durmuşyna oňyn täsirini ýetirip, döwlet berkararlygymyzyň esaslaryny has-da berkitmäge ýardam eder. Il-ulsumyzy eşretli durmuşda ýaşadýan, Diýarymyzy rowaçlygyň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun! 

 

Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW,

Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler par­ti­ýa­sy­nyň

  Ahal we­la­ýat ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, 

Mej­li­siň de­pu­ta­ty