The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

04.07.2024

GYMMATLY MIRASYŇ BEÝIK SARPASY

 

Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratynam, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy öwrenmekde, ony dünýä ýaýmakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bu möhüm meselede Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde giň möçberli işler ýaýbaňlandyrylýar. Edebi mirasyna, ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýýan halkyň geljegi aýdyňdyr. Ýokarda ýatlananlary Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler hem äşgär edýär. 

Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň soňky nesillere miras galdyran eserleri sözüň doly manysynda terbiýe mekdebidir. Asyrlar aşsa-da, onuň watan söýüjilige, mertlige, lebzi halallyga, ruhy-ahlak terbiýesine ýugrulan şygyrlary gadyr-gymmaty bilen hemmeleri haýran galdyrýar. Özbaşdak türkmen döwletini, türkmeniň aşynyň bir suprada taýýar kylynmagyny arzuwlan Magtymguly atamyzyň isleg-arzuwy hasyl boldy. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň gülläp ösýän zamanasynda nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýuny toýlamak il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär. Beýik şahyrymyzyň şygarlarynda ata Watana, ene topraga çäksiz söýgi, edep-terbiýelilige, ahlaklylyga, halal zähmete, gaýduwsyzlyga, sagdyn durmuşa, ruhubelentlige çagyryş çeper beýan edilýär. 

Nusgawy şahyrymyzyň eserleri dünýä halklarynyň ençemesiniň dillerine terjime edildi. Şonuň üçinem Magtymguly atamyzyň şygyrlary dürli ýurtlaryň okyjylaryna tanyşdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda şeýle diýdi: “Biz, nesip bolsa, geljek ýyl dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde belläp geçeris. Bu gün ykbalyny halkyň ykbaly bilen baglan şahyryň arzuw eden zamanasy geldi”. Türkmen topragyny jandan söýüp, il-güni gözümiziň göreji deý eý gören akyldar şahyrymyzyň gymmaty hiç haçan öçmejek eserleri dürli dillerde söýlüp okalýar. Magtymguly atamyzyň belent şahsyýeti, şahyryň döredijiligi Gündogaryň gadymy halklarynyň biri bolan türkmen halkynyň köpasyrlyk edebi mirasynda öçmejek yz galdyrdy. Şahyryň pähim-paýhasdan doly, çuňňur filosofiýa ýugrulan şygyrlary bahasyna ýetip bolmajak terbiýe mekdebi boldy. Ol häzirem şeýleligine galyp, geljekde-de şeýle boljakdygy şübhesizdir. 

Häzirki wagtda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly toýunyň dabarasy dag aşýar. 

 

Saparmyrat ÇARŞAKOW. 

Türkmengala etrap alyjylar jemgyýetiniň ykdysatçysy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.