The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

10.07.2024

ŞALY KADALY BOÝ ALÝAR

 

Daşoguz welaýaty boýunça 8 müň 100 gektarda ýetişdirilýän şalynyň ählisi Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.A.Nyýazow adyndaky we «27-nji oktýabr» daýhan birleşiklerinde, şeýle hem «Ykbal açary» daýhan hojalygynda ösdürilip ýetişdirilýär. Mälim bolşy ýaly, şaly ekini görnüşlerine laýyklykda irki, aralyk, giçki görnüşlerde ýetişdirilýär. Ady agzalan daýhan birleşiklerinde we daýhan hojalygynda bu ýerleriň toprak, howa şertlerine uýgunlaşan şalynyň «Müňbaş», «Elenga», «Nöküs-2», «Bereket» görnüşleri ekildi. Ýeri gelende aýdylsa, şu ýyl meýdanlaryň agramly bölegine şalynyň irki görnüşleri ekildi. 

«Şalynyňky suw bilen» diýlip nakylda aýdylyşy ýaly, şalynyň bütin ösüşi suw bilen bagly. Şonuň üçinem bu hojalyklara Monjukly, Çynakar suw akabalaryndan suwuň ýeterlik mukdary goýberildi. Şaly ekiljek ýerleriň her gektaryna ekişden öň 400 kilogram fosfor, 100 kilogram karbamid, 100 kilogram kaliý dökünleri berlip gurplandyryldy. 

Şalyçylyga ýöriteleşdirilen «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde şu ýyl 310 gektar ýere şaly ekildi. Hojalykda uzak ýyllaryň dowamynda şaly ösdürip, bu ugurda baý iş tejribe toplan şalyçy kärendeçiler barmak büküp sanardan köp. Daýhan birleşigiň Berdimyrat Gurbanow, Öremyrat Arazgulyýew, Mekan Toýlyýew, Saparmyrat Öwezow, Annageldi Orazgulyýew ýaly şalyçy kärendeçileri her ýyl bolşy ýaly, bu ýyl hem ekişi irki möhletde geçirmegiň hötdesinden geldiler. 

Şalyçy kärendeçileriň aýtmagyna görä, şaly ekilenden 40 gün geçensoň, onuň ideg işlerine girişilýär. Şu günler hojalykda şalynyň haşal otlaryna garşy dermanlary pürkmek, goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri gyzgalaňly dowam edýär. 

Şaly ekinlerine edilýän ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk bolmagy hojalykda esasy talap bolup durýar. 

 

Nurgeldi MEREDOW, 

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 

49-njy orta mekdebiň müdiri, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty