The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Şu günlerde bereketli ekin meýdanlarynda bugdaý oragy gyzgalaňly dowam edýär. Daýhan zähmetinden kemala getirilen bol hasyl yrýa etmän ýygnalýar. Ak bugdaýdan bişen mele-myssyk, tes-tegelek Gün ýaly çöregimizden saçaklarymyz dolup duranda, biziň başymyz belent, kalbymyz buýsançdan dolup, gökde ganat gerýär. Döwletimiz daýhanlaryň oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmäge bolan höwesini ýokarlandyrmak üçin onuň satyn alyş bahasyny hem artdyrdy. Öňküsinden tapawutlylykda bu ýyl bugdaý hasylynyň bir tonnasynyň bahasy 2,5 esse ýokarlandyryldy.
Döwletimiz tarapyndan daýhanlarymyzyň öndürijilikli işlemekleri, ýerden bol hasyl almaklary üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri döretmek, oba hojalyk pudagyny has-da kämilleşdirmek işi Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredijilikli dowam etdirilýär. Ýokary öndürijilikli tehnikalar yzygiderli satyn alynýar, mineral dökünler bilen üpjünçilik ýokarlanýar, ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak, ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça işler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Häzirki wagtda suwarylýan ýerleriň aglaba bölegi hususyýetçilere uzakmöhletleýin kärendesine berlip, olarda ildeşlerimiz üçin diňe bir bugdaý ýa-da pagta däl, eýsem, zerur bolan azyklyk we gök-miwe önümleriniň dürli görnüşleri öndürilýär. Geçen ýyllarda diňe bir biziň welaýatymyzyň çäginde oba hojalyk maksatly ýer gaznalaryna degişli ekerançylyk ýerleriniň ýüzlerçe müň gektary hususyýetçilere paýlanylyp berildi. Hususyýetçiler ýurdumyzda importdan gelýän önümlere derek ýerli önümleri öndürmekde, ykdysadyýetde hususy pudagyň paýyny artdyrmakda, täze iş orunlaryny döretmekde uly ähmiýetli işleri alyp barýarlar. Bugdaýyň il-ýurdumyz üçin her ýylda ýeterlik mukdarynyň ýygnalýandygy hem bu işleriň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär. Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini alan paýdarlar jemgyýetleri, daýhan hojalyklary, beýleki ýuridiki şahslar hem-de raýatlar ilatyň saçagynda azyklyk önümleriň bolçulygyny döretmäge işjeň gatnaşýarlar.
Oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagydyr. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alyp barýan syýasaty nusgalyk derejä eýe bolýar. Ýurdumyzyň oba hojalygyny we obalaryny durnukly ösdürmäge ýardam etmek maksady bilen Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýeriň we suwuň ulanylyşynyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen işleriň uly topary durmuşa geçirilýär. Geçen ýyllarda Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasy bilen baglaşylan Ylalaşyga laýyklykda ýurdumyzyň suw hojalygy pudagy üçin «Komatsu» kysymly ýer gazyjy tehnikalaryň, ekskawatoryň, buldozerleriň uly topary hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn alnyp berildi. Ýurdumyzda «John Deere» we «CLAAS» ýaly we başga-da dünýä belli kompaniýalaryň tehnikalaryny satyn almak üçin hususy önüm öndürijilere hem ýeňillikli mümkinçilikler döredildi. Oba hojalyk önümçiliginde dünýä tejribesiniň gazananlaryndan hem ugur alynýar. Bu boýunça edilen işler ykdysadyýetimiziň agrar pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrdy. Önüm öndürmek we ony gaýtadan işlemek, bazaryň talaplaryny öwrenmek, hyzmat ediş we goldaýjy kompaniýalary ösdürmek babatynda edilen işler hem az bolmady. Biz munuň şeýledigine eksporta iberilýän önümleriň möçberiniň artyşynyň we hiliniň ýokarlanyşynyň mysalynda hem göz ýetirýäris. Hut biziň welaýatymyzdan gök-miwe önümleriniň eksporta iberilýän möçberi ep-esli artdy. Ýyladyşhanalaryň köpelmegi bilen bu önümleriň ilatymyzy ýylyň dowamynda üpjün edýän möçberdäkisinden artykmajy daşarky bazara iberilýär. Göwünleri guwandyrýan gowy işleriň biri ilatyň ýylyň dowamynda ter gök önümler bilen üpjün edilmegidir. Ýyladyşhanalaryň uly toplumynda pomidor, hyýar, burç, badam ýaly gök-bakja önümleri ösdürilip ýetişdirilýär. Welaýatymyzda gaplanylan gök önümleriň, şireli suwlaryň, içgileriň, aş, çörek we süýji-köke önümleriniň bolçulygynyň emele getirilmegi häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän senagat düzüminiň döredilendigine güwä geçýär.
Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan täzeçil işlerde döwrüň wajyp meselelerini çözmäge ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmelere barha köp ýüzlenilýär. Bu ösüşler Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen ýene-de berkidilýär.
Bahadur ŞADYÝEW,
«Lebap gallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Çärjew etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň agronomy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.