The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

17.07.2024

BELENT MAKSATLAR ROWAÇLANÝAR

 

Häzirki  wagtda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Olaryň bu şadyýan möwsümini manyly geçirmekleri üçin ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bar bolan dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde doly şertler we mümkinçilikler döredilendir. 

Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz beýleki çagalar bilen bilelikde, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň hem tomusky dynç alyş möwsümini manyly geçirmeklerine aýratyn üns berýär. Has takygy, geçen hepdäniň şenbe güni Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara edermen gallaçy daýhanlarymyzyň bugdaý hasylyny ýygnamak boýunça Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli berjaý edip, gazanan zähmet ýeňşi mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Bu şatlykly, ýatdan çykmajak waka çagalaryň kalbynda hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyk we alkyş duýgularyny döretdi. 

Ösüşiň röwşen ýolundan bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda ýetilen belent sepgitleriň hözirini görüp, erkana durmuşda ýaşaýan çagalar baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda çagalaryň hukuk goraglylygynyň binýady berkidilýär. Bu ugurdaky milli kanunçylygymyzyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirilmegi bagtyýar çagalaryň aýdyň geljeginden ugur alýar. 

Esasy Kanunymyzda: «Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýip ykrar edilen binýatlaýyn ýörelgä esaslanýan raýat jemgyýetiniň kemala getirilmegi, şol sanda enäniň we çaganyň hukuklarynyň goragynyň kanuny esaslarynyň üpjün edilmegi döwletimiz üçin esasy gymmatlyklar hökmünde kesgitlenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-­njy maddasyndaky: «Ata­-eneler ýa­-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp­-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyrlar we borçludyrlar» diýen jümle bu ugurdaky milli kanunçylygymyzyň esasyny düzýär. Milli kanunçylygymyz döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. 

Türkmenistanyň Kanunlarynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda çagalaryň bagtyýar durmuşynyň hukuk kepillikleri berkidilýär. «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020-2025-­nji ýyllar üçin Milli strategiýasy», «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025­-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy», «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» hem­-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy we bu ugurdaky beýleki resminamalaryň kabul edilmegi ýurduň geljegi bolan ýaş nesiller hakyndaky aladany görkezýär. 

Ýurdumyzda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalar we maksatnamalar yzygiderli kabul edilýär. «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 6-­njy maddasynda çaganyň hukuklary kesgitlenýär. 

Milli kanunçylygymyzyň umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyk gelmegi çagalaryň ösüşini, ýaşaýyş­-durmuş şertleriniň has­-da gowulandyrylmagyny, abadançylygynyň üpjün edilmegini, olaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goragynyň ygtybarlylygyny kepillendirýär. 

Ýurdumyzda eneleri we çagalary goldamaga, köp çagaly maşgalalary höweslendirmäge döwlet derejesinde ähmiýet berilmegi mähriban halkymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen eneleriň we çagalaryň hukuklaryny goramaga gönükdirilen kanunlaryň kabul edilmegi we döwrüň talabyna görä kämilleşdirilmegi, şeýle hem köp sanly durmuş ýeňillikleriniň berilmegi çagalaryň irki döwürden hemmetaraplaýyn kadaly ösüşini hem­-de ajaýyp durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

 

 Nepes ROZYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Ylym, bilim,medeniýet we ýaşlar 

syýasaty baradaky komitetiniň agzasy