The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

23.07.2024

KANUNLAR — KÄMILLIK BINÝADY

 

Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny halkara kadalara laýyk getirmek we ýurdumyzyň ösüşlerini, ykdysady kuwwatyny kämil kanun esasynda berkitmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Milli kanunçylygy kämilleşdirmekde soňky ýyllarda uly işler durmuşa geçirildi. Üstümizdäki ýylda-da bu babatda kanunlaryň ençemesi kabul edildi. Kanunçylygyň kämilleşdirilmegi bolsa milli ykdysadyýeti ösdürmekde, oňa daşary ýurtly maýadarlary çekmekde, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda ähmiýetli orun eýeleýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 13-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň 7-nji çagyrylyşynyň 6-njy maslahatynda-da kanun taslamalarynyň ençemesine garaldy. 

Maslahatyň gün tertibiniň, esasan, «Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda taýýarlanan kanun taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolandygy hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň kanunçylyk esaslarynyň barha berkidilýändigini we kämilleşdirilýändigini görkezýär. Diýarymyzda şunuň ýaly uly maksatlara gönükdirilen işleriň amal edilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyna aýratyn ähmiýet berýändiginiň, netijede, onuň binýadynyň barha kämilleşdirilýändiginiň mynasyp güwäsidir. Bu ýagdaý halkara hyzmatdaşlygyň barha ösdürilmegine, şeýle hem dürli ugurlarda alnyp barylýan işleriň döwrebaplaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam edýär. 

Gürrü­ňi edilýän maslahatyň dowamynda «Bolgariýa Respublikasynyň, Çehiýa Respublikasynyň, Estoniýa Respublikasynyň, Horwatiýa Respublikasynyň, Kipr Respublikasynyň, Latwiýa Respublikasynyň, Litwa Respublikasynyň, Wengriýanyň, Malta Respublikasynyň, Polşa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Sloweniýa Respublikasynyň we Slowakiýa Respublikasynyň Ýewropa Bileleşigine girendigini göz öňünde tutup, bir tarapdan Türkmenistan bilen we beýleki tarapdan Ýewropa Bileleşiginiň we oňa agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy döredýän gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga Teswirnamany tassyklamak hakynda», «Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Tertipnamasynyň VI maddasyna Üýtgetmäni tassyklamak hakynda», «Ýabany ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda», «1994-nji ýylyň 9-njy sentýabryndaky Ýewraziýa Patent Konwensiýasyna degişli Senagat nusgalaryny goramak hakynda Teswirnama goşulmak hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy we biragyzdan kabul edilmegi döwletimizi ählitaraplaýyn ösdürmäge täze mümkinçilikleri döreder. Şonuň bilen birlikde-de, olar ýurdumyzyň hukuk binýadynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda kämilleşdirilýändigini görkezmek bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmäge, şeýle hem ugurdaş ulgamlaryň işini kämilleşdirmek üçin hukuk mümkinçiliklerini gi­ňeltmäge gönükdirilendir. 

Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda hem degişli Kanunlaryň kabul edilmegi bolsa bu ugurdaky işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek maksadyndan ugur alýar. 

Türkmenistanda amal edilýän her bir iş döwletimiziň has hem kuwwatlanmagyna, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Bu işleriň özeninde bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähriban halkymyza, eziz Watanymyza bolan çäksiz söýgüsi durandyr.

 

Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW, 

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Dur­muş sy­ýa­sa­ty 

ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň ag­za­sy