The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

25.07.2024

ULAG ULGAMYNYŇ ÝEŇIŞLI SEPGITLERI

 

Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ykdysady syýasaty Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýeňişli sepgitlere ýetilýär. Şeýle ösüş depgini “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem saklanyp galýar. Milli ykdysadyýetimizde gazanylýan ýokary netijeler Garaşsyz döwletimiziň dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna goşulmagyna oňyn tasirini ýetirýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň beýleki ugurlary bilen birlikde, ulag ulgamynyň ösdürilmegine-de uly üns berilýär. Sebäbi, bu ulgamyň ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetinde guwançly netijeleriň gazanylmagy bilen baglydyr. Ulag ulgamynda demir ýoluň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi derwaýys bolup, bu babatda gowy görkezijiler gazanylýar. Bilşimiz ýaly, dürli görnüşli halk hojalyk ýükleriniň daşalmagynda demir ýol ulgamyna uly orun degişlidir. Ýolagçylary gatnatmakda-da demir ýol iň ygtybarly ulag ulgamy bolup hyzmat edýär. 

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň demir ýol ulgamynyň işi şu günüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylýar. Şu bähbitli tagallalar bolsa, dürli maksatly ýükleriň bellenilen ýerlere öz wagtynda ýetirilmegine giň ýol açýar. Ýurdumyzyň polat ýollarynyň bökdençsiz işi halk hojalygymyzyň mundan beýläk-de depginli ösdürilmegine itergi berýär. Döwlet Baştutanymyzyň beýik başlangyçlaryndan göz başly tutumly tagallalaryň bady şanly wakalara beslenýän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da barha artýar. Şeýle ösüş-özgerişli menzillerimizem eşretli ertirimize uzaýar. 

 

Tirkişmyrat ÝOMUDOW. 

“Demirýollary” AGPJ-niň 31-nji şahamçasynyň Mary stansiýasynyň 66-njy razýezdiniň demir ýoly boýunça nobatçysy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty