The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Diňe bir ýurduň däl, eýsem, tutuş dünýäniň geljegi, ykbaly, adamzat jemgyýetiniň ösüşi hem-de özgerişi ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Olar joşgunly derýa ýalydyr. Ýaşlaryň mümkinçiligini, kuwwatyny milletiň, adamzadyň haýryna, dünýäniň parahatçylygynyň bähbidine peýdalanmak, gülläp ösüşi üpjün etmäge, ykballary gowulyga tarap özgertmäge ukyply nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek hemişe esasy wezipeleriň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, ýaş nesle ählitaraplaýyn goldaw berilýär. Bu hakykat, ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň sport ulgamynda hem aýdyň ýüze çykýar.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen, bu ugurda giň gerimli işler, halk bähbitli özgertmeler ýola goýuldy. Bu günki gün bolsa: «Ýokary sportda Türkmenistany dünýä tanatmak meniň esasy maksatlarymyň biridir» diýýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ulgam has uly üstünliklere, taryhy ýeňişlere beslenýär. Täze taryhy döwürde ýurdumyzda sportuň ösdürilmegi, oňa halk köpçüliginiň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň çekilmegi ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär. Bildirilýän belent ynama ygrarly, mukaddes borjuna wepaly merdana nesiller bolsa döredilýän giň mümkinçiliklerden, döwrebap şertlerden netijeli peýdalanyp, halkara ýaryşlarda uly üstünlikleri gazanýarlar we dünýäde ýurdumyzyň sport abraýynyň has-da artmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýdylyşy ýaly, şu ýylyň birinji ýarymynda türgenlerimiziň 122 altyn, 103 kümüş, 136 bürünç, jemi 361 medal gazanmaklary-da munuň aýdyň güwäsidir.
Ata Watanymyz Türkmenistan bu günki gün iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýurduna öwrüldi. Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri», Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi munuň nobatdaky aýdyň mysallary boldy. Aslynda, Milli Liderimiziň beýik başlangyjy we taýsyz tagallalary bilen paýtagtymyzda sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy, onda türgenler üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi, şeýle hem bu ýerde birnäçe iri halkara ýaryşlaryň üstünlikli geçirilmegi ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň belent derejelere çykmagynyň baş şertini emele getirdi. Netijede, halkara sport ýaryşlaryna, dünýä çempionatlaryna, Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp, ýokary netijelere eýe bolýan türgenlerimiziň sany artdy. Geçen gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň sport abraýyny halkara derejede mynasyp gorap, Döwlet baýdagymyzy belende göteren ençeme türgenlerimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent ynamyna, gymmat bahaly sowgatlaryna mynasyp boldular. Ýeri gelende, Tokioda geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň taryhynda dünýä derejeli şeýle abraýly ýaryşlarda ilkinji gezek kümüş medalyň gazanylandygyny buýsanç bilen bellemek gerek. Bu şanly üstünlik sportuň ösdürilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň ajaýyp miwesi bolup, ýurdumyzyň sport taryhyna zer harplar bilen ýazyldy.
Halk arasynda «Arassa göreşde gazanylan ýeňiş şatlyk getirýär» diýen pähim bar. Türkmen sportunyň taryhdan gözbaş alýan şeýle asylly däpleriniň häzirki döwürde hem mynasyp dowam etdirilýändigi, ösdürilýändigi we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy bizi has-da buýsandyrýar. Halkymyzyň iň oňat däp-dessurlaryna, edep kadalaryna laýyklykda, milli ruhda terbiýelenen türgenlerimiz hemişe diňe arassa ýaryşyp, halal ýeňiş gazanýarlar we ýaşuly nesilleriň üstünlikli ýollaryny mynasyp dowam edýärler.
«Biziň üçin iň zerur, iň ajaýyp ýol — halkymyzy baky bagta ýetirýän ýoldur. Sport, sagdynlygam şol ýola ýetmegiň iňňän möhüm ugrudyr» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlary, binýadyny berkden tutup, ýola goýan beýik işleri biziň ajaýyp durmuş ýolumyzdyr. Milli Liderimiziň döwletli başlangyçlaryna, hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesine eýerip, bu günki gün bagtyýar türkmen ýaşlary bedenterbiýäni we sporty, sagdyn durmuş ýörelgelerini özlerine baky ýaran edindiler. Ine, bu gün bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda: «Ykbalyny sporta baglan ýaş türgenlerimiz Garaşsyz Watanymyzyň at-abraýyny ýokarlandyrýarlar. 2024-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda hem ýygyndy toparlarymyzyň üstünlikli çykyş edip, Döwlet baýdagymyzy belende galdyrjakdyklaryna pugta ynanýaryn» diýmek bilen, türkmen türgenlerine bildiren uly ynamyna mynasyp jogap bermegiň pursady geldi. Bu belent ynam bagtyýar ýaşlarymyzy, ähli türgenlerimizi täze üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrýar hem-de borçlandyrýar. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň, halkymyzyň belent ynamyny ödemek bolsa her bir ýaş türkmenistanlynyň mukaddes borjudyr.
Dana halkymyzda «Dagdan arkasy bolanyň daşdan ýüregi bolar» diýilýär. Arkasynda ýurdy, mähriban ili, Gahryman Arkadagy, Arkadagly Gahryman Serdary duran türkmen ýaşlarynyň ýüreginde belent maksat, gözlerinde dogum bar. Şeýle belent ynam bilen bitirilmejek iş, ýetilmejek menzil bolmaz. Hakyky watançy nesiller bolup kemala gelmek, mukaddes ýaşyl tugumyzy dünýäniň belent münberlerinde arşa galdyrmak ýaşlarymyzyň mukaddes borjudyr. Bu ýeňişli ýollarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, mähriban halkymyzyň ynamyny ödemek ýaşlarymyz üçin beýik mertebe, uly bagtdyr. Türkmen türgenleriniň hemişe şeýle beýik mertebä eýe boljakdygyna berk ynanyp, olara nobatdaky Olimpiýa oýunlaryndada uly üstünlikleri, şowlulyklary, sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilýän ata Watanymyza şanly ýeňişler bilen dolanyp gelmeklerini arzuw edýäris.
Ýazpolat KERIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy,
Mejlisiň deputaty