The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

29.09.2023

Bagta beslenen pursat

 

Däp bol­şy ýa­ly, her ýyl mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly baýra­my my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ryn­da öz hü­nä­ri­ne us­sat iş­gär­ler, öň­de­ba­ry­jy wa­tan­daş­la­ry­myz döw­let sy­lag­la­ry­dyr hor­mat­ly atlar, Şa ser­paý­la­ry bi­len sy­lag­la­nyl­ýar. Bu bol­sa ola­ry tä­ze zäh­met üstün­lik­le­ri­ne, ýur­du­my­zyň ok­gun­ly ösüş­le­ri­ne my­nasyp go­şant goşmaga ruh­lan­dyr­ýar. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öz hal­ky­na bagyşlaýan baý­ram­çylyk sow­gat­la­ry bi­ze has uly şat­lyk we bagt paýlaýar. Mu­kad­des Garaşsyzlygy­my­zyň 32 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öňüsyra­syn­da ma­ňa hem şol şat­lyk­dan paý­ly bol­mak­ - Türk­me­nis­ta­nyň  «Wa­ta­na bolan söý­gü­si üçin» me­da­ly bi­len sy­lag­lan­mak baş baýramymy­zyň bo­sa­ga­syn­da başymy gö­ge ýe­tir­di. Mu­nuň üçin begenjimiň çä­gi ýok. Şa ser­pa­ýy bi­len sy­lag­lan­ma­gym öm­rüm­de ýatdan çyk­ma­jak buý­sanç­ly, tol­gun­dy­ry­jy, ýakym­ly wa­ka bol­dy. 

Döw­let sy­la­gy üçin Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za ho­şal­lyk bil­dir­ýä­rin. Bu sy­lag me­ni mun­dan beý­läk hem eziz Wa­ta­ny­myz üçin has yh­las­ly iş­le­mä­ge borç­ly ed­ýär. 

Hiç wagt unu­dyl­ma­jak bu şat­lyk­ly hem çäk­siz buý­sanç­ly gün­ler­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za tüýs ýürek­den sag ­bol­sun aýd­ýa­ryn.

 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze, Gahryman Ar­ka­da­gy­my­za berk jan saglyk, uzak ömür, ro­waç­lyk ar­zuw ed­ýä­ris. 

 

Atamyrat MYRADOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň umumy 

bölüminiň baş hünärmeni.