The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň energiýa üpjünçilik ulgamy yzygiderli ösüşlere beslenýär. Türkmenistan dünýäniň energetika serişdelerine baý döwletleriniň biri bolmak bilen, döwrüň şertlerine we talaplaryna kybap gelýän energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny döretmek meselelerine aýratyn üns berýär. Içerki sarp edijileri energiýa serişdeleri bilen ygtybarly hem-de bökdençsiz üpjün etmek, energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagy ygtybarly we kämil kanunçylygyň bolmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalary, şol sanda energiýa üpjünçiligi çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän hukuk namalary öz gözbaşyny Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan alyp gaýdýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 14-nji maddasynda energiýanyň çeşmeleri bolup durýan ýeriň, ýerasty baýlyklaryň, suwlaryň, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklaryň Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýandygy, döwlet tarapyndan goralýandygy we rejeli peýdalanylmaga degişlidigi berkidilen.
Häzirki wagtda «Uglewodorod serişdeleri hakynda», «Elektrik energetikasy hakynda», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasy» hem-de başga-da birnäçe kadalaşdyryjy we düzgünleşdiriji hukuk namalary hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda «ýaşyl» energetikany ösdürmeklige gönükdirilen işleriň milli kanunçylyk esaslarynyň yzygiderli berkidilmegine gönükdirilen işler uzakmöhletleýin esasda alnyp barylýar. Munuň şeýledigini sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly», «ýaşyl» şäher Arkadag şäherinde energiýany tygşytlaýjy, dünýäniň iň soňky gazananlary ornaşdyrylan desgalaryň, elektromobilleriň, elektrobuslaryň bolmagy-da doly tassyklaýar.
Energiýa serişdeleri baradaky kanunçylyk namalarynyň üstüni ýetiren «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 30-njy martynda kabul edildi. Bu Kanunyň kabul edilmeginiň esasy maksady ata Watanymyzyň energiýa çeşmelerinden diňe bir bolelin peýdalanmakdan ybarat bolman, eýsem, energiýa serişdeleriniň tygşytlanylmagyny höweslendirmekden, energiýanyň netijeliligini goldamakdan, ýangyç-energiýa serişdelerini netijeli sarp etmekden, geljekki nesillerimizi energiýany netijeli peýdalanyp bilmek ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr.
«Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ata Watanymyzda bu ugurda täze sahypany açmak bilen, diňe bir energetika ulgamynyň däl, eýsem, ykdysadyýetimiziň ähli energiýadan peýdalanýan ulgamlarynda energetika babatdaky işleriň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegine we bu işleriň höweslendirilmegine ýardam eder. Garaşsyz Watanymyzyň ähli pudaklarynda netijeli peýdalanylan we tygşytlanylan energiýa serişdeleri bolsa Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini artdyryp, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk hem pugtalanmagyna, ösmegine, geljek nesillerimiziň energiýa serişdelerinden uzak ýyllaryň dowamynda peýdalanyp biljekdiklerine, ylaýta-da ýaş nesillerimizi bu ugurda terbiýelemek işlerine ýardam etjekdigine ynam döredýär. Ýurdumyzyň energetika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ösdürmek, onuň kuwwatyny artdyrmak barada giň gerimli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri mydama rowaç bolsun!
Nepes ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty
baradaky komitetiniň agzasy.