Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň il agzybirliginiň, türkmen döwletliliginiň ýene bir aýdyň mysaly boljakdygyny bellemek gerek. Munuň özi halkymyzyň «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen paýhasly ýörelgä ygrarlydygynyň nobatdaky güwäsi bolar. Şeýle asylly ýörelgeler ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ynsanperwer döwlet syýasatynyň mizemez binýadyny düzýär. Il agzybirligi, döwlet berkararlygy baradaky düşünjeler Gündogaryň beýik söz ussady, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär.
Agzybirligi, jebisligi mizemez durmuş ýörelgesine öwrüp, ony asyrlaryň kämillik mekdebinde sünnäläp gelýän merdana halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir döwletli başlangyjyny, ählumumy bähbitleri nazarlaýan taryhy tutumlaryny, uzak geljege gönükdirilen özgertmelerini tüýs ýürekden goldaýar. Döwletli tutumlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Halk Maslahatynyň giňden taýýarlyk görülýän nobatdaky mejlisi hem her bir tutumyň rowaçlygynda taýsyz güýç hasaplanýan şeýle işjeňligi artdyrmakda, halkyň mizemez bitewülige öwrülen döredijilikli güýjünden netijeli peýdalanmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Çünki Halk Maslahaty täze taryhy eýýamyň rowaç ýollaryndan okgunly öňe barýan eziz Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda dowamat-dowam tapýan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň wekillerini işjeň çekmäge ýardam edýär. Şoňa görä-de, milli demokratiýanyň barha pugtalanýandygynyň hem güwäsine öwrüljek umumymilli forumyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent sepgitleri nazarlaýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň mundan beýläkde köptaraply ösüşini üpjün etmekde, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly ýurt hökmünde dünýäde gazanan abraý-mertebesini öňküden hem pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Milli Liderimiziň çuňňur oýlanyşykly başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi örän netijeli çözgüt boldy. Çünki agzybir halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän bu ýokary wekilçilikli edara ýurdumyzy ösdürmekde öňde durýan möhüm wezipeleriň oňyn çözgütlere eýe bolmagynda halkyň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün etmäge şert döretdi. Ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, il-ýurt bähbitli işlerde halk arasynda uly hormat-sylaga mynasyp bolan adamlar bilen maslahatlaşmak türkmeniň owaldan gelýän asylly ýol-ýörelgeleriniň biridir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyljak meseleleriň, ilkinji nobatda, ata Watanymyzy has-da ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen bagly boljakdygy gürrüňsizdir. Şeýle döwletli maksada ýetmekde bolsa «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» hem-de beýleki döwlet maksatnamalary esasy çelgilerdir. Ýeri gelende aýtsak, bu maksatnamalar her birimiziň bagtyýar şu günümize, röwşen geljegimize gönükdirilendir. Umumymilli forumda Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berkden-berk jebisleşen halkymyzyň agzybirliginde kabul ediljek taryhy çözgütler ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň, aýratyn-da, Watanyň daýanjy hasaplanylýan ýaşlaryň ykbalynda wajyplygy bilen tapawutlanar. Watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, dostlugy hem-de hoşniýetliligi mizemez durmuş ýörelgesine öwren ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek bolsa döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Häzirki wagtda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň döwletli çözgütleriniň mysalynda hem biz şeýle buýsançly hakykata ýene bir ýola aýdyň göz ýetirjekdigimizi aýratyn ynam bilen nygtap bileris. «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip, ýaş nesle uly ynam bildirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz olaryň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelere mynasyp goşant goşmaklary, nurana geljegiň berk binýadyny goýmaklary, agzybirligi dabaralandyryp, milli demokratiýany kämilleşdirmekde öňdäki hatarlarda bolmaklary üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýär. Bildirilýän şeýle uly ynam, döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys.
Guwanç ÇENDIROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.