The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
şöhratly ýolumyzyň, nurana geljegimiziň binýady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 24-nji sentýabrynda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi köp milletli agzybir halkymyzyň Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly ýoly bilen bagtyýar geljegine sary ynamly öňe barýandygyny dabaralandyrdy.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli döwletimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülen bu umumymilli forumda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen şöhratly ýoly, Arkadagly eýýamymyzda ata Watanymyzyň bedew batly ösüşleriniň buýsançly netijeleri, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleriniň kesgitlenilmegi, kabul edilen çözgütler munuň aýdyň beýanydyr.
«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda beýan edilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we kanunçylyk-hukuk ulgamlarda täze sepgitlere ýetirmek, iň täze taryhymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen döredildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynda halkymyzyň ýürek islegini nazarda tutup, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesini — «Altyn Aý» altyn nyşanyny gowşurmak bilen, Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden taryhy karary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradygynyň durmuş hakykatyny görkezdi. Döwlet Baştutanymyza bu ýokary sylagyň berilmegi köpmilletli agzybir halkymyzyň buýsanjyny has artdyrdy.
Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň milli Garaşsyzlygynyň esaslaryny, Bitaraplyk ýörelgelerini pugtalandyrmaga goşan ägirt uly şahsy goşandy, döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary, täzeçil başlangyçlary, demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizi depginli ösdürmekde durmuşa geçiren beýik işleri, ýaşlary Watana söýgi hem-de wepalylyk ruhunda terbiýelemekde, ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini netijeli üstünlikler bilen baýlaşdyryp, dünýä halklarynyň belent söýgüsini gazanandygy üçin berlen mynasyp bahadyr.
Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilip, ýurdumyzda ähli ugurlarda beýik ösüşler gazanylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Halk Maslahatyndaky taryhy çykyşynda hem nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzy 2022 - 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda we 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan esasy wezipeleriň ählisi üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň üçin ýurdumyzyň senagat pudaklaryny ösdürmek, innowasion häsiýetli bilelikdäki kärhanalaryň işini ýola goýmak, eksporta gönükdirilen we importy çalyşýan önümçilikleri döretmek, oba hojalygynda özgertmeleri geçirmek hem-de azyk üpjünçiligini gowulandyrmak, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze iş orunlaryny döretmek hem-de ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler okgunly alnyp barylýar. Maksatnamalaýyn alnyp barlan bu işleriň netijesinde, şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterim möçberde bolmagy, şu ýyl göz öňünde tutulan 2688 iş ornunyň ýerine 7607 täze iş ýeriniň döredilmegi, işgärleriň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň her ýylda 10 göterim ýokarlandyrylmagy alnyp barylýan syýasatyň oýlanyşykly häsiýetini görkezýär. Alym Arkadagymyzyň paýhasyndan gözbaş alýan, sanly konsepsiýanyň ähli mümkinçiliklerini özünde jemleýän, sebitimizde ilkinji gezek gurlup ulanylmaga berlen «akylly» şäher bolan Arkadag şäheri munuň aýdyň mysallaryndandyr Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly: «Biziň gazanan üstünliklerimiz alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagynyň hem-de işjeň gatnaşmagynyň netijesidir».
Arkadagly Serdarymyzyň: «Döwrüň talabyna görä, milli kanunçylygy kämilleşdirmek döwlet gurluşyny ösdürmegiň esasy ugruna öwrülýär. Şeýle bolansoň, ata Watanymyzyň, häzirki we geljek nesillerimiziň öňündäki jogapkärçiligimizden ugur alyp, ýokary döwlet häkimiýet edaralarynyň dolandyryş ulgamyny mundan beýläk-de berkitmeli diýip hasaplaýaryn» diýen taryhy sözleri bolsa ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösdürilmeginiň anyk ugurlaryny kesgitledi. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen döwlet ideologiýasynyň dabaralanmasy boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimize zähmetde öz gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan ýurdumyzyň raýatlaryny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekmegi baradaky haýyş bilen ýüzlenmegi, ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyzyň degişli resminama gol çekmegi, ýurdumyzyň her welaýatyndan we Aşgabat şäherinden «Hormatly il ýaşulusy» diýen ada hem-de «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan ýaşuly nesliň wekillerine sylaglaryň gowşurylmagy ýüreklere buýsançly pursatlary bagyşlady.
Jemläp aýdylanda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň raýatlaryny mundan beýläk hem döredijilikli zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Çünki Alym Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, biziň beýik ýeňişlerimiziň we üstünliklerimiziň, döwletimiziň barha artýan halkara abraýynyň esasynda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy durýar. Garaşsyzlyk bize döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, рarahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýär.
Şu ajaýyp pursatlarda ähli halkymyz bilen bilelikde hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesiniň - «Altyn Aý» altyn nyşanynyň gowşurylmagy bilen, Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy mynasybetli tüýs ýüregimizden gutlaýarys.
Köpmilletli agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň dowamat-dowam bolmagy, dünýäniň durnukly ösmegi ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, işleri rowaçlyklara beslensin.
Bäşim ANNAGURBANOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň başlygy