The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

07.08.2024

ÄHLIHALK FORUMY — UMUMYMILLI GALKYNYŞYŇ ROWAÇLANMASY

 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçiriljek umumymilli foruma — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda hem uly taýýarlyk görülýär. Ählihalk forumda oba zähmetkeşleriniň hem sözüniň diňlenmegi, oba we suw hojalygyna, daşky gurşawy goramaga degişli möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy, çözgütleriň kabul edilmegi buýsandyryjydyr. 

Ga­raş­syz döwletimiziň kuwwaty, at-abraýy, şöhraty, ýurdumyzda milli demokratiýanyň we onuň esasy şerti bolan raýat jemgyýetiniň ösüşi, agrar özgertmeleriň miweleri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmäge, dänäniň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Işjeň senagatlaşýan döwletimizde azyk we gaýtadan işleýän täze kärhanalaryň, elewatorlaryň, ýyladyşhanalaryň, sowadyjy ammarlaryň, maldarçylyk, guşçulyk toplumlarynyň sany barha artýar. Bu bolsa gök we miwe önümleriniň möçberini artdyrmaga, ýurdumyzyň bazarlarynda ýylyň islendik döwründe haryt bolçulygyny üpjün etmäge ýardam edýär. 

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ekerançylykda we maldarçylykda halkara tejribäni ornaşdyrmak üçin dünýäniň öňdebaryjy ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Hasyllylygy ýokarlandyrmak, tohumçylygy gowulandyrmak boýunça zerur işler geçirilýär. Ekinleriň naýbaşy tohumlary önümçilige ornaşdyrylyp, tohumçylyk edaralarynyň işi halkara derejede kämilleşdirilýär. Daýhanlar daşary ýurtly öndürijileriň toprak-howa şertlerimize laýyk gelýän ýokary öndürijilikli häzirki zaman tehnikalary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Obasenagat toplumynda, gaýtadan işleýän ulgamda hususyýetçileriň zähmeti höweslendirilýär, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümleri öndürmäge, täze iş orunlaryny döretmäge, netijede, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikler açylýar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň milli ykdysady nusgamyzda öňe sürýän baş wezipelerimiziň biri-de azyk howpsuzlygyny üpjün etmekdir. Şu maksat bilen oba hojalygynyň ykdysady netijeliligi we düşewüntliligi ýokarlandyrylýar. Gaýtadan işleýän kärhanalar döwrebaplaşdyrylyp, galyndysyz tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Azyk howpsuzlygynyň gazanylmagy ilatyň uzak ömrüniň we ýokary hilli ýaşaýşynyň möhüm esaslaryny emele getirmäge oňyn täsir edýär. 

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygynda özgertmeleri geçirmek hemde azyk üpjünçiligini gowulandyrmak ugrundaky tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň obasenagat toplumy çalt depginler bilen ösýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028- nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzda «ýaşyl» ykdysadyýetiň ösdürilmegine uly orun berlip, halkara ekologik talaplara laýyk gelýän zawod-fabrikler gurulýar, oba-şäherlerimizi bagy-bossanlyga öwürmek işleri giň gerimde alnyp barylýar. Oba milli maksatnamasy esasynda hassahanalar, saglyk öýleri we merkezleri, mekdebe çenli çagalar hem-de umumybilim edaralary, medeniýet öýleri, sport mekdepleridir desgalary, suw, lagym, gaz, elektrik geçirijileridir desgalary, awtomobil ýollary, aragatnaşyk ulgamy, ýaşaýyş jaýlary gurulýar. 

«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipelerden, maksatlardan ugur alnyp, önümçilik kärhanalarynyň kuwwatlyklarynyň doly işledilmegini gazanmak, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek, eksporty artdyrmak, importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk hem-de beýleki azyk önümleriniň öndürilişini ýokarlandyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, oba hojalyk önümlerini öndürijileri, tohumçylyk işini höweslendirmek hem-de howanyň üýtgemegi, ekologik meselelere degişli kanunçylygy seljerip, degişli işleri geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. 

2024-nji ýyl ýurdumyzyň oba hojalykçylarynyň durmuşynda şanly wakalara beslenýär. Şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini üýtgedip guramak hakynda» Permana gol çekdi, daýhanlary höweslendirmek boýunça çözgütler kabul edildi. Ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy kämilleşdirmek arkaly bu pudagyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, «Türkmenpagta» döwlet konserni hemde «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi döredilip, häzirki wagtda olaryň işi döwrebap ýola goýuldy. 

Daşky gurşawy goramak ministrligi ekologik meseleler bilen bagly milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär, çölleşmä, ýerleriň şorlaşyp zaýalanmagyna garşy göreşmek, gurakçylygyň täsirini azaltmak boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan zerur işleri alyp barýar. Türkmenistan daşky gurşawyň howpsuzlygyny üpjün etmek we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugrunda çykyş edip, Birleşen Milletler Guramasynyň «Ählumumy metan borçnamasy» atly täze başlangyjyny goldaýar. Ýurdumyzyň oba-şäherleri tokaý zolaklaryna beslenýär. Çöl, dag, derýa we köl ekoulgamlary, hususan-da, haýwanlaryň hem-de ösümlikleriň seýrek görnüşleri, aýratyn goralýan tebigy ýerler aýawly saklanýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň çap edilmegi ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak babatda uly ähmiýete eýedir. 

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetinde oba hojalygyny suw bilen üpjün etmäge, suwy rejeli peýdalanmaga, suw desgalarynyň tehniki ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Ata-babalarymyzyň «Suw damjasy — altyn dänesi» diýen parasatly sözlerinden ugur alnyp, önümçilige suw tygşytlaýjy öňdebaryjy usullardyr tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar, suw diplomatiýasy ösdürilýär. 

Oba hojalyk ylymlarynyň ösdürilmegine we bu ugurda hünärmenleriň taýýarlygyna aýratyn üns berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň kabul eden Kararyna laýyklykda, Ylmy-barlag däneçilik, Ylmy-barlag ekerançylyk, Ylmy-barlag pagtaçylyk institutlarynyň döredilmegi ýurdumyzyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleri hil taýdan täze derejelere çykarýar. 

«Geňeşli biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň, Ýaşulular geňeşiniň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisleri yzygiderli geçirilýär. Il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda häzirki döwrüň wajyp meseleleri üstünlikli çözülýär. Oba ýaşaýjylary hem jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda alnyp barylýan işlere yzygiderli gatnaşýarlar. 

Halk maslahatlarynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň agzalary ýurdumyzyň oba zähmetkeşleri bilen meýdan şertlerinde duşuşyklary geçirip, alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen tanyşýarlar, olaryň armasyny ýetirmek üçin dürli çäreleri geçirýärler. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen welaýat, etrap, şäher halk maslahatlaryna we Geňeşlere kanunçylyk babatda guramaçylyk hem-de usuly kömek bermek işleri kämilleşdirilýär, olar bilen amaly-usuly maslahatlar geçirilýär. Obalaryň we şäherleriň ýaşaýjylaryna kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny düşündirmek, adamlaryň isleg-arzuwlaryny, zerurlyklaryny öwrenmek we ýerli döwlet edaralary bilen bilelikde, durmuş-ykdysady wezipeleriň hem-de ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna degişli meseleleriň çözülmegine, raýatlaryň ýüz tutmalary boýunça kabul edişliklere ýakyndan gatnaşmak biziň öňümizde goýlan möhüm wezipelerdir. Olary ýerine ýetirmekde geljekde hem yhlasymyzy gaýgyrman, döredijilikli işlejekdigimize ynandyrýarys. 

«Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgelerimize laýyklykda, netijeli durmuş-ykdysady syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň janlary sag, ömürleri uzak, halkymyzyň bagtyýar geljeginiň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işleri rowaç bolsun! 

 

Bäşim ANNAGURBANOW, 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.