The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

29.09.2023

Mähribanlygy mertebeläp

 

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze eseri bilen serpaýlamagy bagtyýar hem agzybir ilimizi uly ruhubelentlige atardy. Her bir döwür jemgyýetiň ösüşinde yz galdyrýan täze gymmatlyklary, şol gymmatlyklary dörediji şahsyýetleri öňe çykarýar. Ol gymmatlyklar diňe bir şu günki jemgyýetiň ösüşi däl, eýsem, geljekki nesliň ýaşaýyş mümkinçilikleriniň kuwwatly bolmagyna hem täsir edýär. Olar uly terbiýeçilik ähmiýete eýedir. Tebigy zehinini, başarnygyny adamzat durmuşyna oňyn täsir ýetirjek haýyrly işlere bagyşlan şahsyýetler öz adyny taryha ýazmak bilen birlikde, milletiň mertebesini belende göterýärler, ýurduň ösüşine, nesilleriň terbiýesine oňyn täsir edýärler. Gahryman Arkadagymyz täze edebi ­filosofik eserinde ömrüniň manyly menzilleri, durmuş ýatlamalary, gymmatly pikir ­garaýyşlary hakynda söhbet edýär. 

Mähriban Arkadagymyz täze kitabynda halkymyzyň milli ýörelgeleri, gymmatlyklary, aýratynlyklary, olary ýaş nesli döwrüň ruhuna laýyk terbiýelemekde peýdalanmagyň maksatlary barada hem giňişleýin pikir ýöredýär. «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyň «Watan — enäniň kalby» atly bölümini okaýarkaň, Watan mukaddesligi, ene­-ata mähribanlygy, olara hormat-sarpanyň, gadyr­-gymmatyň ähmiýeti ruhuňa ornaýar. Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat eje baradaky ýatlamalary ene mukaddesligini ýene bir ýola ör­boýuna galdyrýar. 

Maşgala ojagyna wepalylygyň, zähmetsöýerligiň, halallygyň, asyllylygyň, mähribanlygyň ajaýyp nusgasyny döreden Ogulabat ejäniň milli gymmatlyklarymyzyň, asylly ýol-­ýörelgelerimiziň dowamat-dowam bolmagy, halkymyzyň nusgalyk däpleriniň aýawly saklanmagy we baýlaşmagy ugrunda bitiren işleri buýsanmaga mynasypdyr. Perzentleriniň asylly häsiýetleri özünde jemlemegi, watansöýüji, hemmetaraplaýyn kämil, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi üçin yhlas eden enäniň mähriban keşbi dünýä nusgalykdyr.

Mähriban Arkadagymyz ajaýyp eserinde: «Enäniň ýüregi — her ykbalyň köňül ybadaty. Ene sözünde «ene» diýen ýekeje sözde dünýäniň ähli manysy, ýaşaýşyň mazmuny jemlenendir. Biziň ähli şatlyk­-gaýgylarymyz, ses-­sedalarymyz, ruhy owazlarymyz ene sözüne siňendir. Çünki ene sözi Watan sözi ýaly beýiklikdir hem mukaddeslikdir. Eýsem, enäni Watandan aýry, Watany bolsa eneden saýry göz öňüne getirmek mümkin däl» diýip, ene mukaddesligini, Watan beýikligini buýsanç bilen beýan edýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Şonda men içimden şeýle diýipdim: «Kakamy­-da, meni­-de mertebe belentliklerine ýetiren sensiň, eje! Belki, Watanyň ykbalyny beýgeldýän güýç hem seniň erkiňdedir, eje! Çünki şahyrlarymyz «Dünýäň sallançagy enäň elinde» diýýän bolsa, men bu beýik düşünjä «Dünýäniň ykbaly enäň egninde» diýip, goşant goşasym gelýär» diýen sözleri okyjyny täsin duýgularyň goýnuna atarýar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ylahy zehininden, ylham joşgunyndan döreýän ajaýyp eserleri egsilmez hazyna, ýolgörkeziji şamçyrag bolup, ýagşy işlere ruhlandyrýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň beýik işleriniň çäklerinde ajaýyp döredijilik eserleri bilen adamzadyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserleri döwrüň beýany bolup şugla saçýar. Diňe bir halkymyz üçin däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiligi üçin hem gymmatly ruhy hazynalary peşgeş berýän halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp, döwet galamynyň ýiti bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

 

Baýramgözel MYRADOWA, 

Türkmenistanyň Mej­li­si­niň­ de­pu­ta­ty.