The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda döwlet Garaşsyzlygynyň baýramçylygynyň öň ýanynda Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 2024-nji ýylyň 20-nji iýulyndaky kararyna laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda bu umumymilli forumyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda röwşen geljegini gurýan agzybir halkymyzyň döredijilikli zähmeti netijesinde ýurdumyzyň taryhy ähmiýetli wakalara beslenýän häzirki günlerinde bu umumymilli forumy guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar.
«Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen pähime eýerip, ata-babalarymyzyň döwleti halk bilen maslahatlaşyp dolandyrandyklaryna milletimiziň şan-şöhrata beslenen taryhy şaýatlyk edýär. Halkymyzyň asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçip gelýän demokratik ýörelgelerine eýerýän Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz her bir döwletli işiň başyny başlanlarynda halkymyz bilen maslahatlaşýarlar, ýaşuly nesliň wekillerine sala salýarlar we olaryň durmuş-tejribesine, ýörelgesine esaslanýarlar. Taryhy köklerimize esaslanyp durmuşa geçirilýän demokratik özgertmeleriň oňyn netijelerine gündelik durmuşymyzda aýdyňlygy bilen göz ýetirýäris. Has takygy, ýurdumyzda demokratik, hukuk, dünýewi döwlet, ynsanperwer, adalatly jemgyýet has-da berkeýär. Adam hukuklaryny, azatlyklaryny, bähbitlerini mundan beýläk-de üpjün etmek, goramak barada häkimiýet düzümleriniň işleri barha kämilleşýär.
Şu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginiň türkmen halkynyň döwletli işiň başyny başlajak bolanda ulus-iline geňeş edip, ählihalk ýygnaklaryny geçirmek babatda köpasyrlyk taryhynda toplanan tejribesinden gözbaş alýandygyny belläp geçmek ýerlikli bolar. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň umumymilli forumda halkymyzyň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de çözgütleri kabul etmek baradaky başlangyjy türkmeniň nesilleriň arabaglanyşygy diýen düşünjesini täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak bilen bir hatarda, halk demokratiýasyny mundan beýläk-de dabaralandyrmak, raýat jemgyýetiniň işjeňligini ýokarlandyrmak üçin oňaýly şertleri döretdi.
Döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzda özgertmeleriň, durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek hem-de hyzmat etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar.
«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we Konstitusion kanunlaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamak we makullamak, döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna, şeýle hem ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna we kanunlaryna garamak we makullamak, Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýylky ýüzlenmelerini diňlemek, parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garamak, kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukugyny amala aşyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan kabul edilen kararlaryň Türkmenistanyň bütin çäginde hökmany güýji bardyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararlary diňe onuň özi tarapyndan üýtgedilip ýa-da ýatyrylyp bilner. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütlerini Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen ygtyýarlyklaryna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we beýleki döwlet edaralary ýerine ýetirýärler.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň döwür bilen aýakdaş gitmegi üçin döwlet bilen halkyň jebisligini, jemgyýetde maksatlaryň birdigini, ösüş ýollaryna bolan garaýyşlaryň bitewüligini ýüze çykarýan esasy jemgyýetçilik-syýasy güýç hökmünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny barha ýokarlanýar. Şu jähetden hem Halk Maslahatynyň agzalarynyň halkyň arasynda ýygy-ýygydan bolmagy, adamlary gyzyklandyrýan meseleleri içgin öwrenmegi, ýurdumyzda geçirilýän oňyn özgertmelerden habarly bolup, ilat arasynda, aýratyn hem ýaşlarymyzyň arasynda degişli wagyz-nesihat işlerini talabalaýyk ýola goýmagy möhüm ähmiýete eýe bolýar. Hut şu nukdaýnazardan, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, mynasyp zähmet çekmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Ata Watanymyzy demokratik ýol bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Ýusupguly EŞŞÄÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy.