Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Her ýylyň 12-nji awgustynda giňden bellenilýän Hazar deňziniň gününiň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň uzak geljege gönükdirilen, ählumumy bähbitleri nazarlaýan tebigaty goramak syýasatynyň çuňňur mazmunyny dünýä ýaýmakda ähmiýeti uludyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünliklere beslenýän ekologiýa syýasaty bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, ählumumy ösüş üçin ykdysady,syýasy şertleri döretmek ýaly döwletli maksatlardan ugur alýar.
Hazar deňziniň güni dabaraly bellenilip geçilýän möhüm ekologik sene bolmak bilen, ol deňziň ösümlik we haýwanat dünýäsini, gymmatly baýlyklaryny gorap saklamakda tagallalary birleşdirmäge itergi berýär. Hazar deňziniň möhüm ulag-logistika merkez hökmündäki mümkinçiliklerinden, onuň bioserişdelerinden, gymmatly baýlyklaryndan rejeli peýdalanylmagy, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň goralmagy sebitiň ýurtlarynyň ekologiýa abadançylygyny, howpsuzlygyny,söwda-ykdysady, dostlukly gatnaşyklaryny üpjün etmegiň geljegi uly ugurlarydyr.
Ýewraziýa giňişliginde wajyp ähmiýetli geosyýasy hem-de geoykdysady merkezleriň biri bolup durýan Hazar sebiti kuwwatly energetika, ulag we aragatnaşyk mümkinçiliklerine eýedir. Hazar deňzi diňe bir geljegi uly bolan şypahana-syýahatçylyk zolagy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, bu ýerde sebitiň hem-de dünýä döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady, medeni hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde geljegi uly bolan mümkinçilikler jemlenendir. Sebitiň şunuň ýaly giň mümkinçiliklerini, ägirt uly gorlara daýanýan tebigy serişdelerini, senagat, ulag-aragatnaşyk kuwwatlyklaryny ählumumy bähbitlerde netijeli peýdalanmakda ýurdumyzyň durmuşa geçirýän taryhy işleri dünýä nusgalykdyr.
Hazaryň türkmen kenarynda geçirilmegi asylly ýörelgä öwrülen dürli halkara derejeli çäreler hormatly Prezidentimiziň goňşy döwletler bilen ählitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek maksadyna gönükdirilen syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini aýdyň görkezýär. Şu nukdaýnazardan, geçirilýän şeýle çäreler sebitiň ýurtlarynyň özara bähbitli söwda-ykdysady, medeni-ruhy hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge ýardam edýär. Ummasyz tebigy baýlyklary, amatly geografiki künjekde ýerleşmegi, ekologiýa taýdan arassa tebigy gurşawy, altynsow çägeli kenary, jana şypaly howasy, deňiz tebigatynyň gözelligi bilen hemmelerde uly gyzyklanma döredýän Hazar deňzi dost-doganlygyň, ählumumy bähbitleri sazlaşykly utgaşdyrýan hoşniýetli gatnaşyklaryň deňzidir.
Guwanç ÇENDIROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty