​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
15.08.2024

DAŞKY GURŞAWY GORAMAK UGRUNDAKY TAGALLALAR

 

Häzirki döwürde daşky gurşawy goramak çyg­ry­ny hal­ka­ra derejede do­lan­dyr­ma­gyň köpugurly guralyny Birleşen Milletler Guramasynyň dü­züm bir­lik­le­ri eme­le ge­tir­ýär. Olar BMG-niň Tertipnama­sy­na la­ýyk­lyk­da, hal­ka­ra hyz­mat­daşlykda ykdysady, durmuş, medeni we ynsanperwer hä­si­ýet­li me­se­le­le­ri çöz­mek­de döw­let­le­riň alyp bar­ýan iş­le­ri­ne go­şant goş­mak bi­len, wa­jyp we­zi­pe­le­ri ýerine ýetirýärler. 

Döw­let­le­riň arasynda daşky gurşaw boýunça hyzmatdaşlyk saklamaga ýardam etmek işlerini BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy — ÝUNEP ýerine ýetirýär. Onuň ştab-kwartirasy Naýrobide (Keniýa) ýerleşýär. ÝUNEP Baş Assambleýanyň «Daşky gurşawy goramak çygrynda halkara hyzmatdaşlyk boýunça guramaçylyk we maliýeleşdiriş çäreleri» Kararnamasynyň esasynda, 1972-nji ýylda döredilip, onuň orny we mandaty birnäçe halkara resminamalar bilen tassyklanyldy. 1997-nji ýylda kabul edilen Naýrobi Jarnamasynda ÝUNEP-niň ählumumy daşky gurşaw çygrynda BMG-niň esasy düzümidigi aýdylýar. Onuň baş edarasy Dolandyryjylar geňeşidir. Ol 58 agza döwletiň wekillerinden düzülip, adalatly geografik wekilçilik ýörelgesi boýunça dört ýyl möhlete saýlanylýar. Dolandyryjylar ge­ňeşi öz nutuklaryny BMG-niň Ykdysady we Durmuş ge­ňeşiniň (ECOSOC) üsti bilen ýetirýär. ÝUNEP-niň düzümindäki hemişelik wekilleriň komiteti we Sekretariaty öz işlerini Afrika, Aziýa we Ýuwaş umman, Günbatar Aziýa, Latyn Amerikasy, Karib deň­zi, Demirgazyk Amerika we Ýewropa sebitleri üçin degişli çäklerdäki wekillikleriniň üsti bilen amala aşyrýar. 

Ýeri gelende, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisiniň dowamynda geçirilen saýlawlaryň netijesinde, döwletimiziň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanandygyny bellemelidiris. Durmuşyň ähli ulgamlarynda giň möçberli özgertmeler syýasatyny alyp barýan hem-de durmuş-ykdysady ösüşinde üstünlikleri gazanýan ýurdumyzyň oňyn tejribesine dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasy barha artýar. 

1982-nji ýyldan başlap, ÝUNEP wezipesini Dolandyryjy ge­ňeşiň her onýyllyk üçin strategik maksatnamasyna laýyklykda ýerine ýetirýär. ÝUNEP-niň alyp barýan işleri daşky gurşawyň hem-de durnukly ösüşiň soraglary we meseleleri bilen bagly giň mazmunly gatnaşyklary özünde jemleýär. Häzirki wagtda onuň iş maksatnamasy, esasan, adatdan daşary ýagdaýlara oňyn täsir etmäge, şeýle hem olaryň öňüni almaga, daşky gurşawyň ýagdaýy barada maglumatlara baha bermäge we öwrenmäge; daşky gurşaw meseleleri boýunça konwensiýalaryň işlerini guramagy gowulandyrmaga we ekologiýa syýasaty boýunça resminamalary işläp taýýarlamaga; süýji suwly gorlaryň rejeli peýdalanylmagyny gazanmaga; senagatlaşmakda ekologik howpsuzlygy saklamaga; biodürlüligi gorap saklamaga gönükdirilendir. Bu maksatnamanyň esasy wezipesi, ekologik abadançylyga howp salmazdan, häzirki we geljekki nesilleriň ýaşaýşynyň, durmuş şertleriniň hilini gowulandyrmaga ýardam bermekden ybaratdyr. 

Şeýlelikde, her döwletiň öz çäginde tebigaty goramak boýunça wezipeleri amala aşyrýan edaralar we guramalar döredilip, daşky gurşawy goramagyň milli kanunçylyk ulgamynyň binýady berkidildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi aýratyn goralýan tebigy ýerlere gözegçilik etmek, ekologik abadançylygy pugtalandyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeň­ligini gazanmak boýunça birnäçe möhüm işleri amala aşyrýar. Her bir adamyň sagdyn daşky gurşawda ýaşamaga bolan hukugyny ykrar etmek birnäçe döwletleriň konstitusion kadalaryna öwrüldi. 

Tebigy gurşawy we onuň serişdelerini abat saklamaga hem-de yzygiderli dikeltmäge gönükdirilýän döwletara gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Pariž ylalaşygyna esaslanyp, BMG-niň goldaw bermeginde daşky gurşaw we howa boýunça halkara hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi öňe sürýär. Şol bir wagtda, Türkmenistan bu meseleler boýunça sebitde özara hyzmatdaşlygy işjeň­leşdirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. 

Hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň dekabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (СOP28) eden çykyşynda jogapkärli döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara we milli derejede maksada okgunly işi dowam etdirmegiň zerurdygyna düşünýändigini aýtdy. Şol iş bolsa howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmekde mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge ýardam berer. Metanyň zy­ňyndylaryny azaltmak boýunça halkara tagallalara goşant goşmak ýurdumyzyň aýratyn ünsde saklaýan meseleleriniň hatarynda durýar.

Türkmenistan daşky gurşawy we howany goramak boýunça halkara konwensiýalara goşulmak bilen, ekologik howpsuzlyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz СOP28 maslahatynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Munuň özi ýurdumyzyň howanyň üýtgemegine garşy, şeýle hem senagatyň daşky gurşawa we adam saglygyna zyýanly täsirini, daşky gurşawa zyýan berýän zy­ňyndylaryň möçberini peseltmäge gönükdirilen çäreleriň has-da işjeň­ligini ýokarlandyrjakdygyny şertlendirýär. Bu ugur boýunça öň­de goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, geljekde energiýa pudagyny innowasiýa ýoly bilen ösdürmekde ulanyljak täze tehnologiýalaryň ekologik taýdan howpsuzlygyna, arassalygyna we energiýa serişdeleriniň netijeli hemde tygşytly ulanylmagyna aýratyn üns berler.

Bütindünýä meteorologiýa guramasy hem atmosferanyň, de­ňiz gurşawynyň zaýalanmagynyň bes edilmegine ýardam etmäge borçlanýan iri guramalaryň biridir. Bütindünýä meteorologiýa kongresi guramanyň işiniň umumy ugurlaryny kesgitlemek, agzalyga, reglamentiň düzgünlerini, uzak möhletleýin meýilnamalary we býujeti kabul etmek maksady bilen geçirilýär. Onuň ýerine ýetiriji ge­ňeşi otuz ýedi direktordan — milli meteorologiýanyň we gidrometeorologiýa gullugynyň ýolbaşçylaryndan düzülip, olar şahsy görnüşde hereket edýärler. Ge­ňeş kongresiň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine, guramanyň maksatnamasynyň amala aşyrylyşyna, sebitleýin assosiasiýalaryň we tehniki komissiýalaryň hödürnamalary boýunça çärelere jogap berýär. 

Bütindünýä meteorologiýa guramasy ylmy taýdan makullanylan doly ulgamlaýyn gözegçiligiň maglumat çeşmesi bolup hyzmat edýär. Ol ählumumy howa ulgamynyň we atmosferanyň ýagdaýy boýunça hasabaty düzýär, daşky gurşaw babatdaky köptaraplaýyn ylalaşyklarda hökmany goldawy üpjün edýär. 

Diýarymyzda bu ulgamdaky işler şu ýylyň 30-njy martynda kabul edilen «Gidrometeorologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda alnyp barylýar. Gidrometeorologiýa işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ygtyýarlandyrylan edara hökmünde Daşky gurşawy goramak ministrligi, Gidrometeorologiýa baradaky gulluk we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. Şunlukda, Türkmenistanyň çäginde ylmy taýdan esaslandyrylan tehnologiýalar arkaly gidrometeorologiýa gözegçiligini geçirmegiň, gidrometeorologiýa maglumatlaryny toplamagyň, işläp taýýarlamagyň, seljerme geçirmegiň netijesinde umumylaşdyrmagyň, çaklamalary düzmegiň, wagtlaýyn ýa-da hemişelik saklamagyň we peýdalanmagyň bitewüligi üpjün edilýär. Bu işler Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň işine laýyklykda utgaşdyrylýar. 

Hormatly Prezidentimiziň häzirki zamanyň möhüm hukuk, ykdysady we ekologiýa meselelerini çözmegi gazanmak, halklaryň tagallalaryny bir maksada gönükdirmek bilen bagly alyp barýan strategik başlangyçlary tutuş ynsanyýetiň bähbitlerini utgaşdyryp, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm ähmiýete eýedir. 

 

Merjen BORJAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty

 baradaky komitetiniň hünärmeni.