The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

23.08.2024

ROWAÇ TUTUMLARYŇ BINÝADY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan ösüşleriň ählisi halkymyzyň abadan hem bolelin, parahat durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Täze taryhy döwrümiz agzybir türkmen halkyna buýsançly wakalary, beýik özgertmeleri bagyşlaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem ýylymyzy bezejek, kalplara buýsanç duýgusyny paýlajak möhüm wakalaryň birine öwrüler. 

Umu­my­mil­li forumyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk — bu biziň göterilen ykbalymyzdyr! Garaşsyzlyk Magtymguly atamyzyň arzuwlan zamanasydyr, berkarar döwletli we bagtyýar ýaşaýşymyzdyr. Şo­ňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, geçilen taryhy menzillere ser salmak, geljekde öň­de duran wezipeleri anyk kesgitläp, Garaşsyz döwletimiziň gazananlaryny berkitmek esasy wezipämizdir. Ösüşlerimiziň binýadyny berk tutmak, döwletimiziň geljegi bolan ýaşlary ak ýollara ugrukdyrmak baş maksadymyzdyr. 

Dürli kärdäki raýatlaryň, jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisinde il-günüň bähbitlerine gönükdirilen, durnukly ösüşiň ähli ugurlaryny öz içine alýan, milletiň ykbalyna oňyn täsir edýän çözgütleriň kabul edilmegi ösüşlerimizi dowamata atarýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda şeýle belleýär: «Türkmenistanyň Halk Maslahatynda garalýan meseleler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi bilen bir hatarda, halkymyzyň, ylaýta-da, ýaş nesilleriň abadan durmuşynyň ýokary derejesini öz içine alýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygaryny täze taryhy döwrümizde baş ýörelge edinip, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet di­ňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarymyz esasynda alyp barýan döwlet syýasatymyzyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär». 

Elbetde, maslahatlaşylyp edilýän işiň rowaçlyklara beslenýändigine Garaşsyzlyk ýyllarynda toplanan baý tejribe aýdyň şaýatlyk edýär. Her bir işde il-halka ge­ňeşmek nesilbaşymyz Oguz handan başlap, ähli parasatly pederlerimiziň asylly ýörelgeleriniň biridir. Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwletlilige, kanunylyga we milli demokratik ýörelgelere esaslanmak bilen, şöhratly ata-babalarymyzyň ýolunyň häzirki wagtda döwlet derejesinde mynasyp dowam etdirilýändigini aýdyň aýan edýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, senagatlaşdyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatynda düýpli öňegidişlikler bilen birlikde, halk häkimiýetini kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek barada berýän tabşyryklary ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine wepalydygymyzyň nyşanydyr. Bularyň ählisi ýurdumyzda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna, raýat jemgyýetini pugtalandyrmaga, syýasy, ykdysady, demokratik özgertmeleri has-da işjeň­leşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini görkezýär. Şu nukdaýnazardan, bu umumymilli forumyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy we jemgyýetçilik ähmiýeti barada Türkmenistanyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary, şol sanda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu meýilnama esasynda, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek, ýokary wekilçilikli edaranyň ygtyýarlyklaryny düşündirmek maksady bilen, Ýaşlar guramasy tarapyndan ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän, ylym-bilim ojaklarynda okap, bilim alýan ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — milli demokratiýanyň dabaralanmagynyň binýady», «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — abadançylygyň we bagtyýar durmuşyň aýdyň kepili», «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy çözgütleri: belent wezipeler, anyk maksatlar» ýaly şygarlar astynda dürli duşuşyklar, maslahatlar, düşündiriş işleri geçirilýär, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyşlar edilýär. 

Açyklyk hem-de aýanlyk ýagdaýynda, dürli kärdäki we ýaşdaky raýatlaryň gatnaşmagynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatyna Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň hem gatnaşmaklary guramanyň agzalarynyň buýsançly başyny göge ýetirip, olary täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ýurdumyzda geçirilýän syýasy-jemgyýetçilik çärelerine ýaşlaryň yzygiderli gatnaşmaklary olaryň alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyň mazmunyna doly düşünmeklerine, durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalaryna mynasyp goşant goşýan hakyky watançy ogullar, gyzlar bolup kemala gelmeklerine ýardam edýär. 

Ýaşlaryň amatly şertlerde ýaşamaklary, dynç almaklary, zähmet çekmekleri, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin berk kanunçylyk binýadyny kemala getirmek, durmuş kepilliklerini gorap, olaryň geljekde watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda ähli zerur tagallalary etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, Halk Maslahatynyň başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň daýanjy bolan ýaşlaryň bagtyýar şu gününi we geljegini nazarlaýan, ýaşlar bilen işleşýän ýöriteleşdirilen guramalaryň işini güýçlendirmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny, ylym ulgamyny ösdürmegiň Strategiýasyny işläp taýýarlamak babatda çözgütler kabul edildi. 

Çaga doglanda berilýän döwlet kömek pullary, çagalary enelerimiziň mähir bilen gurşap almagy, olara terbiýe bermegi üçin ýola goýlan ýe­ňillikler ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlarynyň sagdyn kemala gelmegi, ösmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy baradaky aladalaryň miweleridir. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi, Arkadag şäherinde çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we beýlekileriň gurulmagy ýaş nesliň saglygy hakyndaky düýpli aladalaryň ýene-de bir anyk mysalydyr. Ata-babalarymyzyň milli däp-dessurlaryna, döwletlilik ýörelgelerine eýerilip döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýaşulular bilen ýaş nesliň arasyndaky baglanyşygy has aýdyň ýüze çykarýar. 

Şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýetini dabaralandyrmak ugrundaky ýörelgeleriniň häzirki döwürde hem mynasyp dowam etdirilmegi ýaşlarymyzy milli ruhda terbiýelemäge esas döredýär. Ýaşlara bildirýän ynam örän uly. Gahryman Arkadagymyzyň: «Men Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin» diýen ganatly sözleri ýaşlary Watanymyzy gülledip ösdürmäge gönükdirilen beýik işlere has-da işjeň goşulmaga, täze başlangyçlara ruhlandyrýar. Şeýle uly ynama ygrarly ýaşlar Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar. 

Halkymyzy bagtyýar, abadan durmuşda ýaşadýan, ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun! 

 

Ýazpolat KERIÝEW, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar 

guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty