Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Türkmen halky özüniň gaýtalanmajak köp asyrlyk taryhynda milli gymmatlyklaryny hem-de ýörelgelerini kemala getirdi. Halkymyzda dilden dile geçip gelen «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli ýerde kemlik ýok, geňeşsiz ýerde–deňlik» diýen ýaly dana pähimleriň döredilmeginde hem uly many bar. Ata-babalarymyz il sylagly ýaşulular, jemgyýetiň dürli gatlagynyň wekilleri bilen bilelikde ählihalk ýygnaklaryny geçirip, ýurt ähmiýetli iň wajyp syýasy, durmuş, ykdysady meseleleri ara alyp maslahatlaşypdyrlar. Ilatyň ähli gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün edip, demokratik ýörelgelere eýerip, halkyň pikirine hormat goýup döwlet ähmiýetli kararlary, çözgütleri kabul edipdirler. Şeýle asylly däplere, ýörelgelere esaslanyp, türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda ýüzýyllyklara uzaýan taryhynda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alyp, 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy – Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi.
Ata-babalarymyzdan bize miras galan döwletlilik ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň milli kanunçylygy bilen berkidilýär. Halk häkimiýetliliginiň we demokratiýanyň ähli alamatlarynyň iň naýbaşy usullaryny kanunçylyk arkaly berkarar edýän döwletimizde Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasydyr. Bu barada Kanunyň 1-nji maddasynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we kanunçylyk-hukuk ulgamlarda täze sepgitlere ýetirmek, iň täze taryhymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredilýär» diýlip berkidilendir.
Halka sala salmak, geňeşmek, ilatyň tekliplerini seljermek, şolaryň esasynda oňyn çözgütleri çykarmak ýaly asylly däpleriň kepili bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýlaryny kesgitleýän Konstitusion Kanunyň kadalary aýanlyk, demokratiýa, kanunyň hökmürowanlygy, adalatlylyk, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak bilen beýan edilýär. Halk Maslahaty milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sazlaşdyrmak bilen, döwlet derejesinde bilelikdäki hereketlendiriji güýç hökmünde çykyş edýär. Bu wekilçilikli edaranyň hemaýaty bilen her bir adamyň döredijilikli, halal zähmetiniň döwlet derejesinde goldanylýandygyny, ýokary baha mynasyp bolýandygyny görmek bolýar. Şeýle goldaw bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baý durmuş we syýasy tejribesiniň halkymyzyň gurujylyk, döredijilik pähim-paýhasynyň netijesidir. «Döwlet adam üçindir!» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeden ugur alýan hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy, halkymyzy beýgeltmek ugrunda edýän aladasynyň netijesinde bu gün Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýeti dolandyrmagyň iň kämil institutlarynyň birine öwrüldi. Bu bolsa ýurdumyzda halk häkimiýetiniň işine berilýän ýokary bahadyr, milli demokratiýanyň dabaralanmasydyr.
Häzirki döwürde ylma daýanmak, ylmy esasda netijeliligi gazanmak we ýurdumyzyň ýeten sepgitlerden ruhlanyp, milliliklerimize guwanyp ata Watanymyzy has-da ýokary galdyrmak üçin agzybirlikde, bitewülikde hereket etmek barada öňe sürülýän çagyryşlaryň wajyplygyna, onuň ähmiýetine, ildeşlerimiziň her biriniň aýdyň düşünmegi gerek. Halk Maslahatynyň geçirilmegi ýaşulular bilen ýaş nesilleriň arasyndaky baglanyşygy has aýdyň ýüze çykarýar, bu baglanyşyk türkmen halkynyň milli garaýyşlary esasynda döwrebap şertlerde, täzeçe çemeleşmeler arkaly, milli ýörelgelere daýanyp has-da ösdürilýär. Täze taryhy döwürde asylly pent-nesihatlara eýerilýändigini, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleleriň, çözgütleriň gönüden-göni halk bilen maslahatlaşylyp çözülýändigini Halk Maslahatynyň geçirilmeginde hem görmek bolýar. Eziz Diýarymyzda aýratyn işjeňlige eýe bolýan döredijilikli zähmetiň we bazar gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň halkyň hereketlerini, bähbitlerini utgaşdyrmagyň häzirki döwrüň zerurlygy bilen düşündirmek bolar. Ýurdumyz juda çalt özgerýän, ykdysady taýdan durnukly ösýän, taryhy işleriň durmuşa geçirilýän ýurdyna öwrüldi. Munuň şeýledigini halkymyzyň halýagdaýynyň gowulanmagynda, ilatymyzyň sanynyň artmagynda, bazarlarymyzyň bolçulygynda, çagalarymyzyň döwrebap bilim-terbiýe almagynda, halkymyzyň bagtyýar, eşretli ýaşaýşynda görmek bolýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýet bilen döwletiň arasyndaky köpri bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda barha berkidilýän milli döwletlilik ýörelgelerimizi dabaralandyrýar. Adamy jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy hökmünde kesgitleýän täze taryhy döwür – bu gün köp düşünjelere, garaýyşlara, hereketlere täze many-mazmun berýär, olara täzeçe röwüş çaýýar. Häzir ýurdumyzda raýatlaryň kanuny bähbitlerini, azatlyklaryny, zähmet çekmäge, eýeçilige, öz pikirini erkin beýan etmäge we goramaga bolan konstitusion hukuklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirýän jemgyýetçilik gurluşy kemala gelýär. Jemgyýet ykdysady ösüşi gazanmak bilen, durmuş maksatnamalaryny giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlara tarap ugur alýar. Bu günki gün jemgyýetiň wekilleriniň başlangyçlaryna, pikirine hormat goýulýar. 2024-nji ýylyň şygarynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden dabaralandyrylýan Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän akyldar şahyra bagyşlap ýazan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy bilen baglanyşykly bolmagy aýratyn many-mazmuna eýe. Munuň özi türkmen halkynyň beýik şahyryna, onuň baý edebi mirasyna çuňňur hormat-sarpasynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Dana Pyragy:
Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň –
diýip türkmen halkynyň bir supranyň başyna ýygnanmagyny, bir döwlete gulluk etmegini, türkmeniň ykbalynyň göterilmegini arzuwlaýar. Magtymguly Pyragynyň şeýle arzuwlarynyň amala aşan, bir ýere jem bolan, bir döwlete gulluk edýän türkmen halky döwlet Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny uly dabara bilen belleniljek günlerinde döwletli maslahat geçirer. Bu üstünliklere dana Pyragynyň wesýetlerine wepaly halkymyzyň agzybirligi, tutanýerliligi, maksada okgunlylygy, zähmetsöýerligi, ata Watanyna, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize bolan beýik söýgüsi bilen ýetildi. Ýeri gelende bellemeli zatlarymyzyň biri hem «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda», «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň dabarasyny has-da beýgeldýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyny ösdürmek babatda taryhy işleriň durmuşa geçirilmeginde, bu ugurda möhüm başlangyçlaryň öňe sürülmeginde işjeň hereket edýär. Bu umumy milli forum döwletiň dolandyryjy, ýerine ýetiriji, kanun çykaryjy düzümleri bilen utgaşykly hereket edip, ähli işlerde halkyň isleg-arzuwlarynyň, teklipleriniň, başlangyçlarynyň giňden şöhlelenmeginde möhüm orny eýeleýär. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde garaljak meseleler, kabul ediljek çözgütler halkymyzy bir maksada – döwletimiziň gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar, abadan ýaşamagyna, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gazanmak wezipesini amal etmäge gönükdirer. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzy ösüşiň ak ýoluna ataryp, bilelikde we agzybirlikde etmeli işleri kesgitläp, adamlaryň döredijilik ukybynyň artmagyna täze esaslary döredýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi ýurdumyzda diňe bir milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işine däl, eziz Diýarymyzyň durnukly, parahatçylykly ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň täsirini has-da ýokarlandyrmaga, döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam bermek bilen, syýasy-jemgyýetçilik ulgamlarynyň tagallalaryny hem belent maksatlaryň daşynda jemleýär. Biziň her birimiz şeýle beýik döwürde ýaşaýandygymyza guwanmaga, buýsanmaga haklydyrys. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletiniň binýadyny pugtalandyryp, il-halkymyza bagtyýar durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, halk bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun.
Nepes ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar
syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.