Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
23.08.2024

HALK DEMOKRATIÝASYNYŇ KÄMIL NUSGASY – MILLI ÝÖRELGE

 

Türk­men hal­ky özü­niň gaý­ta­lanma­jak köp asyr­lyk ta­ry­hyn­da mil­li gym­mat­lyk­la­ry­ny hem-de ýö­rel­ge­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­di. Hal­ky­myz­da dilden dile ge­çip ge­len «Mas­la­hat­ly bi­çi­len don gys­ga bol­maz», «Geňeşli ýer­de kemlik ýok, ge­ňeş­siz ýer­de­–­deň­lik» di­ýen ýa­ly da­na pähim­le­riň dö­re­dil­me­gin­de hem uly ma­ny bar. Ata-ba­ba­la­ry­myz il sylag­ly ýa­şu­lu­lar, jem­gy­ýe­tiň dür­li gatla­gy­nyň we­kil­le­ri bi­len bi­le­lik­de äh­lihalk ýyg­nak­la­ry­ny ge­çi­rip, ýurt äh­miýet­li iň wa­jyp sy­ýa­sy, dur­muş, yk­dy­sa­dy me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­la­şyp­dyrlar. Ila­tyň äh­li gatlaklarynyň mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy çöz­güt­le­riň ka­bul edilmegine gat­naş­ma­gy­ny üp­jün edip, de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­re eýe­rip, hal­kyň pi­ki­ri­ne hor­mat go­ýup döw­let äh­miýet­li ka­rar­la­ry, çöz­güt­le­ri kabul edi­pdir­ler. Şeý­le asyl­ly däp­le­re, ýö­rel­ge­le­re esas­la­nyp, türk­men hal­ky­nyň döw­let gur­lu­şy ba­bat­da ýüz­ýyl­lyk­la­ra uza­ýan ta­ry­hyn­da top­lan tej­ri­be­si­ni hem­meta­rap­la­ýyn na­za­ra alyp, 2023-nji ýy­lyň 21-nji ýanwaryn­da halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy­ –­ Türkmenis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty dö­re­dil­di. 

Ata-ba­ba­la­ry­myz­dan bi­ze mi­ras galan döw­let­li­lik ýö­rel­ge­le­ri Berka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de de­mok­ra­tik, hu­kuk, dün­ýewi döw­le­ti­mi­ziň mil­li ka­nun­çy­ly­gy bilen ber­ki­dil­ýär. Halk hä­ki­mi­ýet­li­li­gi­niň we de­mok­ra­ti­ýa­nyň äh­li ala­mat­la­rynyň iň naý­ba­şy usul­la­ry­ny ka­nun­çy­lyk ar­ka­ly ber­ka­rar ed­ýän döw­le­ti­miz­de Türkmenista­nyň Halk Mas­la­ha­ty Türkme­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na esas­lanýan «Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tusi­on Ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da he­re­ket edýän halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýo­ka­ry we­kilçi­lik­li eda­ra­sy­dyr. Bu ba­ra­da Ka­nu­nyň 1-nji mad­da­syn­da «Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ga­za­nan­la­ry­ny has-da berkitmek, ýur­du­my­zy ösü­şiň has ýo­ka­ry de­re­je­le­ri­ne çy­kar­mak üçin ähli­halk he­re­ke­ti­ni ýaý­baň­lan­dyr­mak, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy, dur­muş-ykdy­sady, me­de­ni-yn­san­per­wer we ka­nun­çylyk-hu­kuk ul­gam­lar­da tä­ze sep­git­le­re ýe­tir­mek, iň tä­ze ta­ry­hy­myz­da ga­za­nylan üs­tün­lik­le­ri wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty dö­re­dil­ýär» diýlip ber­ki­di­len­dir. 

Halka sala salmak, geňeşmek, ilatyň tekliplerini seljermek, şolaryň esasynda oňyn çözgütleri çykarmak ýaly asylly däpleriň kepili bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýlaryny kesgitleýän Konstitusion Kanunyň kadalary aýanlyk, demokratiýa, kanunyň hökmürowanlygy, adalatlylyk, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak bilen beýan edilýär. Halk Maslahaty milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sazlaşdyrmak bilen, döwlet derejesinde bilelikdäki hereketlendiriji güýç hökmünde çykyş edýär. Bu wekilçilikli edaranyň hemaýaty bilen her bir adamyň döredijilikli, halal zähmetiniň döwlet derejesinde goldanylýandygyny, ýokary baha mynasyp bolýandygyny görmek bolýar. Şeýle goldaw bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baý durmuş we syýasy tejribesiniň halkymyzyň gurujylyk, döredijilik pähim­-paýhasynyň netijesidir. «Döwlet adam üçindir!» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeden ugur alýan hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy, halkymyzy beýgeltmek ugrunda edýän aladasynyň netijesinde bu gün Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýeti dolandyrmagyň iň kämil institutlarynyň birine öwrüldi. Bu bolsa ýurdumyzda halk häkimiýetiniň işine berilýän ýokary bahadyr, milli demokratiýanyň dabaralanmasydyr. 

Häzirki döwürde ylma daýanmak, ylmy esasda netijeliligi gazanmak we ýurdumyzyň ýeten sepgitlerden ruhlanyp, milliliklerimize guwanyp ata Watanymyzy has-­da ýokary galdyrmak üçin agzybirlikde, bitewülikde hereket etmek barada öňe sürülýän çagyryşlaryň wajyplygyna, onuň ähmiýetine, ildeşlerimiziň her biriniň aýdyň düşünmegi gerek. Halk Maslahatynyň geçirilmegi ýaşulular bilen ýaş nesilleriň arasyndaky baglanyşygy has aýdyň ýüze çykarýar, bu baglanyşyk türkmen halkynyň milli garaýyşlary esasynda döwrebap şertlerde, täzeçe çemeleşmeler arkaly, milli ýörelgelere daýanyp has-­da ösdürilýär. Täze taryhy döwürde asylly pent-­nesihatlara eýerilýändigini, il-­ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleleriň, çözgütleriň gönüden­-göni halk bilen maslahatlaşylyp çözülýändigini Halk Maslahatynyň geçirilmeginde hem görmek bolýar. Eziz Diýarymyzda aýratyn işjeňlige eýe bolýan döredijilikli zähmetiň we bazar gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň halkyň hereketlerini, bähbitlerini utgaşdyrmagyň häzirki döwrüň zerurlygy bilen düşündirmek bolar. Ýurdumyz juda çalt özgerýän, ykdysady taýdan durnukly ösýän, taryhy işleriň durmuşa geçirilýän ýurdyna öwrüldi. Munuň şeýledigini halkymyzyň hal­ýagdaýynyň gowulanmagynda, ilatymyzyň sanynyň artmagynda, bazarlarymyzyň bolçulygynda, çagalarymyzyň döwrebap bilim-­terbiýe almagynda, halkymyzyň bagtyýar, eşretli ýaşaýşynda görmek bolýar. 

Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýet bilen döwletiň arasyndaky köpri bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda barha berkidilýän milli döwletlilik ýörelgelerimizi dabaralandyrýar. Adamy jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy hökmünde kesgitleýän täze taryhy döwür – bu gün köp düşünjelere, garaýyşlara, hereketlere täze many-­mazmun berýär, olara täzeçe röwüş çaýýar. Häzir ýurdumyzda raýatlaryň kanuny bähbitlerini, azatlyklaryny, zähmet çekmäge, eýeçilige, öz pikirini erkin beýan etmäge we goramaga bolan konstitusion hukuklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirýän jemgyýetçilik gurluşy kemala gelýär. Jemgyýet ykdysady ösüşi gazanmak bilen, durmuş maksatnamalaryny giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlara tarap ugur alýar. Bu günki gün jemgyýetiň wekilleriniň başlangyçlaryna, pikirine hormat goýulýar. 2024-nji ýylyň şygarynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden dabaralandyrylýan Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň hem­-de Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän akyldar şahyra bagyşlap ýazan «Pähim-­paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy bilen baglanyşykly bolmagy aýratyn many­-mazmuna eýe. Munuň özi türkmen halkynyň beýik şahyryna, onuň baý edebi mirasyna çuňňur hormat­-sarpasynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Dana Pyragy: 

Köňüller, ýürekler bir bolup başlar, 

Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar, 

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, 

Göteriler ol ykbaly türkmeniň – 

diýip türkmen halkynyň bir supranyň başyna ýygnanmagyny, bir döwlete gulluk etmegini, türkmeniň ykbalynyň göterilmegini arzuwlaýar. Magtymguly Pyragynyň şeýle arzuwlarynyň amala aşan, bir ýere jem bolan, bir döwlete gulluk edýän türkmen halky döwlet Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny uly dabara bilen belleniljek günlerinde döwletli maslahat geçirer. Bu üstünliklere dana Pyragynyň wesýetlerine wepaly halkymyzyň agzybirligi, tutanýerliligi, maksada okgunlylygy, zähmetsöýerligi, ata Watanyna, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize bolan beýik söýgüsi bilen ýetildi. Ýeri gelende bellemeli zatlarymyzyň biri hem «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda», «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň dabarasyny has-­da beýgeldýär. 

Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyny ösdürmek babatda taryhy işleriň durmuşa geçirilmeginde, bu ugurda möhüm başlangyçlaryň öňe sürülmeginde işjeň hereket edýär. Bu umumy milli forum döwletiň dolandyryjy, ýerine ýetiriji, kanun çykaryjy düzümleri bilen utgaşykly hereket edip, ähli işlerde halkyň isleg-­arzuwlarynyň, teklipleriniň, başlangyçlarynyň giňden şöhlelenmeginde möhüm orny eýeleýär. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde garaljak meseleler, kabul ediljek çözgütler halkymyzy bir maksada – döwletimiziň gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar, abadan ýaşamagyna, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gazanmak wezipesini amal etmäge gönükdirer. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzy ösüşiň ak ýoluna ataryp, bilelikde we agzybirlikde etmeli işleri kesgitläp, adamlaryň döredijilik ukybynyň artmagyna täze esaslary döredýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi ýurdumyzda diňe bir milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işine däl, eziz Diýarymyzyň durnukly, parahatçylykly ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň täsirini has-­da ýokarlandyrmaga, döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam bermek bilen, syýasy-­jemgyýetçilik ulgamlarynyň tagallalaryny hem belent maksatlaryň daşynda jemleýär. Biziň her birimiz şeýle beýik döwürde ýaşaýandygymyza guwanmaga, buýsanmaga haklydyrys. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletiniň binýadyny pugtalandyryp, il­-halkymyza bagtyýar durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, halk bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun. 

 

Nepes ROZYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar 

syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.