The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Her ýylyň 1 - 30 – njy sentýabry aralygynda geçirilýän biraýlygyň dowamynda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça giň gerimli çäreler guralýar. Bu geçirilýän çäreler toplumy ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi arkaly ilatyň saglygyny goramaga gönükdirilendir.
Bu ajaýyp ýörelge bize her bir işimizde görelde mekdebi bolan halypamyz, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany döwründe 2013-nji ýylda hut özüniň teklibi bilen badalga alypdy. Munuň bilen baglanyşykly yzygiderli geçirilýän çäreler ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilmegine, ýolulag hadysalarynyň öňüniň alynmagyna, şeýle hem adamlary hukuk kadalaryny hormatlamak ruhunda terbiýelemäge ýardam berýär.
Bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň çäklerinde awtoulaglaryň hereket edýän döwrebap ýollarynda howpsuzlygy üpjün etmek boýunça raýatlaryň saglygyny we emlägini hem-de daşky gurşawy gorap saklamak üçin döwletimizde döwrebap milli ulag ulgamyna degişli kanunlar hem kabul edilýär. Hereket edýän kanunlar döwrüň talabyna laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirilýär. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzyň çäginde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk esasyny kesgitleýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygy çygrynda döreýän gatnaşyklary düzgünleşdirýär we raýatlaryň janyny, saglygyny we emlägini gorap saklamagy üpjün etmäge, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga gönükdirilendir. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna esaslanýar. Bu Kanunda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklary kesgitlenip, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça esasy talaplar giňişleýin beýan edilýär. Kanuna laýyklykda, ýol hereketine gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň ýollary boýunça hereketiň howpsuz şertlerine bolan hukuklary döwlet tarapyndan kepillendirilýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygy Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we halkara şertnamalaryny ýerine ýetirmek ýoly bilen üpjün edilýär. Hereketleriň howpsuzlygyny üpjün etmekde döwlet gözegçiligi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda guralýar we amala aşyrylýar.
Bu ýerine ýetirilýän halk bähbitli işler Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň netijesinde başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwlet derejesinde dowam etdirilýändigini ýene-de bir ýola aýdyňlygy bilen subut edýär.
Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy barada bimöçber tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarys. Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy