Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Şu günler ýurdumyzyň syýasy jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm waka —Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine uly taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinde we duşuşyklarda bagtyýar raýatlarymyzyň Diýarymyzyň geljekki ösüşlerini kesgitlejek bu uly waka sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklary beýan edilýär.
Her bir güni şanly wakalara beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybir hem jebis türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna uly zähmet üstünlikleri bilen barýar. Şöhratly taryhy bolan halkymyz ähli zamanlarda-da il ýurt bähbitli meseleleri dana ýaşulularyň gatnaşmagynda agzybirlikde geňeş edip çözüpdirler, halkyň, döwletiň meselelerini ara alyp maslahatlaşypdyrlar. Bu ýörelgäniň ajaýyp döwrümizde has-da rowaçlanýandygy buýsanjymyzy artdyrýar.
Ýakyn günlerde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hem il-ýurt bähbitli täze-täze çözgütler öz beýanyny tapyp, ol türkmen demokratiýasynyň nobatdaky gezek dabaralanmasy bolar. Halk Maslahaty halkymyzyň milli demokratiýasydyr, asylly ýörelgeleriň rowaçlygydyr. Şonuň üçin hem bu umumymilli forum halkymyzda uly buýsanç döredýär, uly üstünliklere ruhlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barha giň gerim alýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryna esaslanyp, ilkinji nobatda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ähli ulgamlarda düýpli özgertmeler geçirilýär.
«Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen halk pähimine hemde ata-babalarymyzyň taryhy tejribesine esaslanyp geçirilýän Halk Maslahatynyň halkymyzyň agzybirligini berkitmekde, ýurdumyzy ösüşlere beslemekde ähmiýeti uludyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi demokratik, açyklyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagy, raýatyň kanun öňünde deňligi, adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny hormatlamak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak kadalaryna esaslanýar. Beýik ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda ähli ulgamlarda ägirt uly üstünlikler gazanylýar. Halkymyzyň röwşen we eşretli durmuşda ýaşamagy, ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine çykmagy ugrunda beýik işlere badalga berilýär. «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine türkmen halky sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Halk Maslahatynda ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, zähmet çekmegini üpjün etmek ýaly il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşylar, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmakda, Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde kabul ediljek döwletli çözgütler uly ähmiýete eýe bolar.
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş
syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.