Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
09.09.2024

HALK MASLAHATY — AGZYBIRLIGIŇ BERK BINÝADY

 

Şu gün­ler ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy ­jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da­ky möhüm wa­ka —­Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne uly taýýar­lyk gö­rül­ýär. Türkme­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň äh­mi­ýe­ti barada ge­çi­ril­ýän wa­gyz­-ne­si­hat çä­re­lerin­de we du­şu­şyk­lar­da bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­my­zyň Di­ýa­ry­my­zyň gel­jek­ki ösüş­le­ri­ni kes­git­le­jek bu uly waka sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýan­dyk­la­ry be­ýan edil­ýär. 

Her bir gü­ni şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýän Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eýýamy­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ag­zy­bir hem je­bis türk­men hal­ky mukad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 33 ýyl­lyk baý­ra­my­na uly zäh­met üs­tün­lik­le­ri bi­len bar­ýar. Şöh­rat­ly ta­ry­hy bo­lan hal­ky­myz äh­li zamanlarda­-da il ýurt bäh­bit­li me­se­le­le­ri da­na ýa­şu­lu­la­ryň gatnaşmagynda ag­zy­bir­lik­de ge­ňeş edip çö­züp­dir­ler, hal­kyň, döw­le­tiň me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­lahat­la­şyp­dyr­lar. Bu ýö­rel­gä­niň aja­ýyp döwrümiz­de has­-da ro­waçlan­ýan­dy­gy buý­san­jy­my­zy art­dyr­ýar. 

Ýa­kyn­ gün­ler­de ge­çi­ril­jek Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de hem il­-ýurt bäh­bit­li tä­ze-­tä­ze çöz­güt­ler öz be­ýa­ny­ny ta­pyp, ol türk­men de­mok­ra­ti­ýa­sy­nyň no­bat­da­ky ge­zek da­ba­ra­lanma­sy bo­lar. Halk Mas­la­ha­ty hal­ky­my­zyň mil­li de­mok­ra­ti­ýa­sy­dyr, asyl­ly ýö­rel­ge­le­riň rowaç­ly­gy­dyr. Şo­nuň üçin hem bu umu­mymil­li fo­rum hal­ky­myz­da uly buý­sanç­ dö­red­ýär, uly üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyr­ýar. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan pa­ra­sat­ly sy­ýa­sa­ty netijesinde, ata Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi, hal­kyň hal­-ýag­da­ýy­ny gowu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler bar­ha giň ge­rim al­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tandyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen şy­ga­ry­na esas­la­nyp, il­kin­ji no­bat­da, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş­-dur­mu­şy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet beril­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň ta­gal­la­la­ry bi­len äh­li ul­gam­lar­da düýp­li öz­gert­me­ler geçiril­ýär. 

«Mas­la­hat­ly bi­çi­len don gys­ga bol­maz» di­ýen halk pä­hi­mi­ne hem­de ata­-ba­ba­la­ry­my­zyň ta­ry­hy tej­ri­be­si­ne esas­la­nyp ge­çi­ril­ýän Halk Masla­ha­ty­nyň hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni ber­kit­mek­de, ýurdu­my­zy ösüşle­re bes­le­mek­de äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahatynyň işi de­mok­ra­tik, açyk­lyk, ada­lat­ly­lyk, ka­nu­nyň hökmürowan­ly­gy, hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň umu­my yk­rar edi­len kada­la­ry­nyň ile­ri tu­tul­ma­gy, ra­ýa­tyň ka­nun öňün­de deň­li­gi, adam hu­kuk­la­ry­ny hem­-de azat­lyk­la­ry­ny hor­mat­la­mak, çöz­güt­le­ri er­kin ara alyp mas­la­hat­laş­mak we ka­bul et­mek, jem­gy­ýet­çi­lik pi­ki­ri­ni na­za­ra al­mak ka­da­la­ry­na esaslanýar. Be­ýik ösüş­le­re bes­len­ýän eziz ­Di­ýa­ry­myz­da äh­li ul­gam­lar­da ägirt uly üs­tün­lik­ler ga­za­nylýar. Hal­ky­my­zyň röw­şen we eş­ret­li durmuşda ýa­şa­ma­gy, ýur­dumy­zyň ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne çyk­ma­gy ug­run­da be­ýik iş­le­re ba­dal­ga be­ril­ýär. «Pä­him­ paý­has um­ma­ny Magtymgu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da ata Wata­ny­my­zyň mu­kad­des Garaşsyzlygy­nyň 33 ýyl­lyk to­ýu­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­jek Türkmenista­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne türk­men hal­ky sabyrsyzlyk bi­len ga­raş­ýar. Halk Mas­la­ha­tyn­da ata Wa­ta­ny­my­zy mundan beý­läk­-de ös­dür­mek, hal­ky­my­zyň hal-­ýag­da­ýy­ny ýokarlandyrmak, ola­ryň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny, zäh­met çekme­gi­ni üp­jün et­mek ýa­ly il-ýurt bäh­bit­li, döw­let äh­mi­ýet­li meseleleriň bir­nä­çe­si ara al­nyp mas­la­hat­laşy­lar, hal­kyň ýa­şa­ýyş-­dur­muş de­re­je­si­ni go­wu­lan­dyr­mak­da, Di­ýa­ry­my­zy dur­muş­-yk­dy­sa­dy taý­dan ösdür­mek­de ka­bul edil­jek döw­let­li çöz­güt­ler uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lar. 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş 

syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.